ZEHINI YHLAS AÇÝAR

     Okuwçylaryň ählisi nämedir bir zada meşgul bolsa-da, aralarynda biri hiç zada güýmenmän, gözüni bir nokada dikip oturan ekeni. Mugallym ol okuwçydan hiç zada baş galdyrman oturmagynyň sebäbini sorapdyr. «Sen näme üçin boş otyrsyň? Sapagyň ahyrynda kimde nähili zehiniň bardygyny ýüze çykararys. Ýasan ýa-da ýazan zadyň muňa tutaryk, makul jogap bolar. Henizem giç däl, başla!» diýip, mugallym onuň ýüzüne bakypdyr. «Ýoldaş mugallym, mende hiç hili zehin ýok. Men diňe tabşyrylan ýumşy ýerine ýetiräýmesem, kimdir biriniň ünsüni çeker ýaly ukyp-başarnygymyň ýokdugyna göz ýetirdim. Menden köp zada garaşmaň» diýip, müýnli ýüzüni aşak salypdyr. «Bu mümkin däl. Ýa sen zehinli, ýa-da dünýäde hiç kime meňzemeýän ýeke-täk adam» diýip, mugallym okuwçysynyň ýüzüne seredipdir. «Ýeke-täk diýýäňizmi? Nädip men ýeke-täk bolýarkam?» diýip, okuwçy geňirgenipdir. «Sebäbi dünýäde zehinsiz dogulýan çaga ýok. Her kimde nähilidir bir zada ukyp-zehin bar. Her ynsan bir daragtdyr: ýa saýasy bilen hezil berer, ýa-da miwesi bilen. Eger-de sen häzire çenli özüňi zehinsiz hasaplan bolsaňam, bu seniň gömükdigiňi däl-de, öz ukyp-başarnyklaryň hakda düýpli pikirlenmändigiňi görkezýär» diýip, mugallym okuwçysynyň başyny sypalapdyr. «Tebigaty synlaýaryn-da, bir zatlar ýazmak isleýärin. Elime galam alýaryn, ýöne sözlerimi sepläp bilmän, bu pikirimden sowaşýaryn: mende ýazmaklyga zehin ýok diýýärin. Käteler bir zatlar düzesim, ýasasym gelýär. Gerek-ýarak zatlarymy jemleýänem, ýöne başlamagyň ebeteýini tapman, ýa-da bir başlasamam, ugrugyp bilmän, ol pikirimden hem dänýärin: mende zehin bolan bolsa, ol zatlary bireýýäm bitirerdim diýýärin» diýipdir. «Düşnükli» diýip, mugallym ýylgyrypdyr we sözüni dowam edipdir – onda sen özüňde zehin ýoklugyndan zeýrenme-de, bir işe uzak dümtünip bilmeýändigiňi, sabyr-kanagatyň azdygyny boýnuňa al. Ukyp-zehin gymmatbaha göwherler ýalydyr. Göwher daşlaryny gazanmak isleseň hem ýa daglary köwlemeli, ýa-da çuň deňizleriň düýbüne çümmeli bolýar. Zehini ýüze çykarmagyň ýoly hem hut şeýle – öz üstüňde köp işlemeli. Yhlas etmeli, ýöne ýaltanmaly däl. Dyrjaşmaly, hergiz yza dönmeli däl. Arzuwlaryňa wepaly bolmaly, sähel müşgillik ýüze çyksa, ondan ýüz öwürmeli däl. Bir zada höwesiň barmy, diýmek, şol zada zehiniň hem bardyr. Sebäbi zehin seni şol işi bitirmeklige iterip durýar. Onsoňam, az bolsun – uz bolsun, her eden işiňi kämil ýerine ýetir. Ýalňyş ýolda keýik deýin çapanyňdan, dogry ýolda pyşdyl ýaly ýöräp, öňe ilerlemek has dogrusydyr» diýipdir. Mugallymyň bu sözleri okuwçysyna ýagşy ugrukdyryjy bolupdyr. Ol dessine öz halaýan işini – zehiniň höwes arkaly salgy berýän işini bitirmäge girişipdir.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Öňki makala

ÖZÜŇI KÄMILLEŞDIR!

Indiki makala

DURMUŞ SAPAGY

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR