DURMUŞ SAPAGY

      Bir adamyň dört sany ogly bar ekeni. Kakasy olara hem öz hereketi, hem-de pähimli sözleri bilen öwüt-ündew berer ekeni.  Bir günem ol ogullaryna durmuşyň her menzilinde, dürli pursadynda peýdasy degjek bir sapagy bermek isläp: «Hiç wagt howul-hara netije çykarmaň we ýagdaýlara ýüzleý seretmäň» diýipdir.  Ol dört ogluny hem ýanyna çagyrypdyr: «Şu ýerden ençeme menzil uzaklykda, pylan ýerde äpet bir daragt ösüp otyr. Şol daragty oňat synlaň we ol hakdaky pikiriňizi aýdyň» diýip sargapdyr. Ogullaryň dördüsi hem uzak ýola rowana bolupdyrlar. Hersi öz saýlan ýoly, öz ugry bilen gidipdir. Ýylyň ahyrynda ählisiniň başy jem bolanda, kakalary olardan gören zatlary hakda, esasanam, şol äpet daragt hakda gürrüň bermeklerini sorapdyr. Uly ogly: «Ol agaç betgelşik we gury bir zat ekeni» diýipdir welin, ikinji ogul ör-gökden gelipdir: «Goýaweri, asla beýle däl, ol daragt-a ýaşyl ýapraklara çümüp otyr» diýipdir. Üçünji ogul hem bularyň gürrüňlerine geň galypdyr: «Siz başga ýerdäki daragtyň gürrüňini edýäňiz öýdýän. Men görenimde-hä ol daragt owadan güllere basyrynyp, töwerege gelşik berip duran ekeni. Gülleriniň hoşboý ysy bolsa her kimsäniň göwnüne hoş ýakýardy» diýipdir. Körpe ogul öz sözleri bilen bu daragtyň gürrüňini jemläpdir: «Ol daragtyň datly-datly miweleri bar. Saýasynda düşlän adamlar süýji miwelerinden iýip, dem-dynçlaryny alyp, onsoň ýola düşýärdiler» diýipdir. Şol bir daragt hakynda her ogluň biri-birinden parhly pikirleri bar ekeni. Kakasy ogullarynyň gürrüňlerini diňläpdir we munuň hikmetini düşündiripdir: «Siziň her biriňiz ony dürli pasylda görüpsiňiz. Uly oglum gyş paslynda görüpdir, ikinji oglumyň gürrüňi ýazdan habar berýär. Üçünji oglum tomusda baran bolmaly. Körpe oglum bolsa hasylly güýzde görüpdir. Hut şonuň üçin hem her bir daragta ýa-da her bir şahsa baha berjek bolsaňyz, onuň diňe hut şol möwsümdäki ýagdaýyna görä baha beriň. Diňe gyşdaky ýagdaýyny görüp oňsaňyz, bahardaky owadanlygyny, tomusdaky saýalaryny we güýzdäki miwelerini görmezlige saldygymyz bolar. Beýtsek, olar hakda dogry-sagdyn düşünjä eýe bolmarys» diýipdir. Diňe bir şahs ýa daragt babatynda däl, durmuşyň her pursadynda hem şundan ugur almak gerek: ömrüňizdäki birje ýagdaýlara esaslanyp, tutuş durmuş ýa-da geljek hakda kesgitli netije çykaryp bolmaz. Gyş ýaly görünýän käbir ýagdaýlaryň yzyndan bahar jemally bagtyň gülüp bakýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Öňki makala

ZEHINI YHLAS AÇÝAR

Indiki makala

ENE ÝÜREGI

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR