ENE ÝÜREGI

      Şol gün işden çykanymda öýlänçi geldi-de, dünýäni suw-sil etdi. Üst-başym mazaly ezilipdi. Öýe girenimden doganlarym: «Saýawanyňy ýadyňdan çykarmaly däl ekeniň» diýip igendiler. Garry enem we atam hem olaryň hörpünden gopdy: «Ýagyş diňýänçä garaşyp, soňra ýola çykaýmaly ekeniň» diýdiler. Kakamam öz gezeginde igesini sürtüp galdy: «Ýagşa ezilip, dümewlärsiň welin, bu bolşuň ýaramazdygyna şonda düşünip galarsyň» diýdi. Şol wagt ejem ýanyma geldi we suwy sarkyp duran saçlarymy sypalap: «Oglum öýe gelýänçä ýagyş birazrak garaşaýmaly dälmi?» diýdi. Ine, ene ýüregi şeýle bolýar.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Öňki makala

DURMUŞ SAPAGY

Indiki makala

DOSTLUK

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR