MAGTYMGULY, SÖZLERIŇDE GUDRAT BAR!

      Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň medeniýet bölümi bilen bilelikde, Görogly şäher medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäreleri guramak, şahyryň döredijiligini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ýaşlary kitap okamaklyga, döredijilige höweslendirmek maksady bilen geçirilen dabarada Görogly şäher medeniýet öýüniň ýaş höwesjeňleri Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan okadylar, şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şonuň ýaly-da, çäräniň dowamynda Görogly şäher kitaphanasynyň guramagynda şahyryň dürli ýyllarda we dürli dillerde çap edilen kitaplarynyň, akyldar şahyr barada ýazylan kitaplaryň sergisi guraldy.

     Aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar akyldar şahyr Magtymguly Pyraga belent sarpa goýýan, türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar