Golaýda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli hem-de onuň taryhy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Sport – durmuşa söýgüdir» ady bilen, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik çäresini gurady. Oňa Ýaşlar guramasynyň ýerli wekili hem-de sport, medeniýet ulgamyndaky işjeň agzalary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlaryň özenini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde, sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler, golaýda geçirilen nobatdaky sport baýramçylygynda – hokkeý boýunça halkara ýaryşda «Galkan» hokkeý toparynyň baýrakly birinji orna mynasyp bolmagy, hil taýdan täze derejä çykan türkmen sporty, eziz Diýarymyzyň sport abraýyny ýokary derejelere göterýän milli türgenlerimiz, sportda ýaşlar syýasaty baradaky buýsançly gürrüňler düzdi.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.