GÖZEL TEBIGATYMYZ WASP EDILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat Baş bilim we medeniýet müdirlikleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň Konsepsiýasy» atly ÝUNESKO kluby bilen bilelikde, welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Daşky gurşawy goramak» şygary astynda surat çekmek we sergi bäsleşigini geçirdi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alnyp, ýaşlarda ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, döredijiligiň üsti bilen gözel tebigatymyzy wasp etmek maksady bilen geçirilen bäsleşige dörediji ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň emin agzalary oňa gatnaşdyrylan işleriň hiline, reňk sazlaşygyna, bezegine, mazmunyna, çeperligine, ýaşlaryň oýlap tapyjylyk ukybyna laýyklykda, ýeňijileri kesgitlediler. Ýeňijilere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

Aýnur ÝUSUPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar