Golaýda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 14-nji orta mekdebiniň 5 – 11-nji synplarynda okaýan okuwçy ýaşlaryň arasynda «Tebigaty söýmek – Watany söýmek» atly şygar bilen döredijiligiň surat çekmek ugry boýunça bäsleşik geçirdi. Ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini ösdürmek, olarda şekillendiriş sungatynyň üsti bilen ata Watanymyza, gözel tebigatymyza, daşky gurşawa we ekologiýa bolan söýgüni kemala getirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde okuwçylar onuň eminler topary tarapyndan bellenen wagtyň dowamynda ata Watanymyzyň gaýtalanmajak gözel tebigatynyň dürli görnüşlerdäki täsin gözelliklerini öz başarnyklaryna görä, ak kagyzyň ýüzünde şekillendirdiler. Bu bäsleşik oňa gatnaşmaga isleg bildiren ýaşlaryň känligi bilen tapawutlandy.
Bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Roza Jumaniýazowa, 6-njy synp okuwçysy Sabrina Abdyllaýewa, 9-njy synp okuwçysy Ybraýym Janmyradow dagylar öz ukyp-başarnyklary bilen beýlekilerden görnetin saýlanyp, degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Yhlas ANNAWELIÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary,
TMÝG-niň işjeň agzasy.