ÝAŞLAR SYÝASATY – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi etrabyň häkimligi hem-de etrabyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde, etrap medeniýet merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumatlary goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Ýaşlar syýasaty – beýik ösüşleriň badalgasy» şygary astynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Onuň dowamyndaky çykyşlarda kiberhowpsuzlyk we kibermedeniýet dogrusynda alnyp barylýan giň gerimli çäreler, ýaşlaryň nurana geljegini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalar dogrusynda giňişleýin bellenildi. Şeýle hem internet torunyň ösüşi, ähmiýeti, ony dogry peýdalanmak barada täsirli gürrüňler diňlenildi.

 

Berdimyrat KAKAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar