Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerde taryhy, medeni mirasymyza bolan söýgini, hormaty terbiýelemek maksady bilen TMÝG-niň «Türkmennebit» DK-niň şahamçasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ýaşlaryň dilinde ajap zamanda, beýik Pyragynyň waspy ýaňlanýar» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik guraldy. Dabarada buýsançly çykyşlarda bellenilişi ýaly, Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet gurmak, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Çärede sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, joşgunly tanslarynda ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy uly joşgun bilen ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda aslyna, nesline, halkyna, milli mirasyna sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolup, il-ýurt bähbitli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Şirin HALMYRADOWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň
şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.