BAGTDAN PAÝLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak hem-de ösdürmek babatdaky giň möçberli tutumlary arkaly tutuş dünýäde meşhurlygy barha artýan ata Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler ilkinji nobatda, ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Bagtyýarlyk döwrümizde akylly-başly, döwrüň ähli ösüşlerinden baş çykaryp bilýän, ylymly-bilimli, hünärli, ugurtapyjy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmeklige döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär.

     Jemgyýetimizde nesil sagdynlygyny üpjün etmek, bu babatda zerur şertleri döretmek, şonuň bilen birlikde-de, ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn, ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerini gazanmak aýratyn ähmiýet berilýän meseleleriň biridir. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň özeninde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek wezipesi durýar. Şu maksat bilen ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ylym-bilimi döwlet derejesinde goldamak barada ýörite maksatnamalar düzülip, olary ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Onuň şeýledigini ylymyň gazanan öňdebaryjy tehniki enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň Watanymyzyň dürli künjeklerinde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmeginde görmek bolýar. Ýurdumyzda döwrebap kämil şahsyýeti kemala getirmekde esasy öňde goýulýan wajyp wezipeleriň biri hem, olaryň ylym-bilim babatynda kämilleşmegine, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça bitewi ulgamyň bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki döwletiň binýady, onuň berkligi ilki bilen ylymly-bilimli, öz kärine erk edip bilýän, geljekde döwleti dolandyrjak sowatly we ukyply ýaşlara, hünärmenlere baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň bilim giňişligi özünde umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalarynyň sazlaşykly yzygiderliligini üpjün edýän bitewi bir ulgamy emele getirýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar» diýip belläp geçmegi Watanymyzyň geljeginiň ýaşlara baglydygyny doly subut edýär.

     Hormatly Prezidentimiz Ýaşlar baradaky köptaraply aladalaryny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Bu kanunyň çäklerinde «Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklandy. Bu maksatnama türkmen ýaşlaryna ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglyk, bedenterbiýe, sport we beýleki ugurlar boýunça berilmeli hemaýat goldawlar bilen öz özenini tutýar.

     Ýurdumyzyň degişli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn edaralary tarapyndan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu işleri bolsa döwlet ýolbaşçylarymyz Hormatly Prezidentimiz aýratyn hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan gözegçilikde saklanmagy bolsa, türkmen ýaşlaryny has-da belent sepgitlere ruhlandyrýar. Ýaşlar üçin edilýän irginsiz tagallalaryň netijesinde bolsa bu günki gün türkmen ýaşlary dünýäniň ösüşi bilen deň gadam urýar. Ýurdumyzda ýaşlar, aýratyn-da mekdep okuwçylarydyr, talyplar üçin döredilýän mümkinçilikler barmak büküp sanardan has köp.

     Arzyly günleriň gujagynda ýaşamak, işlemek, döretmek we gurmak agzybir halkymyz üçin uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly bolan ýaşlar üçin bolsa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir. Şeýle buýsanjyň eýeleri bolan türkmen ýaşlary döwlet Baştutanymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

 

Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR