PYRAGY

Hakdan içip, Hakyň ýolundan ýörän,

Köňlünde saklaman kinäni-dagy.

Äleme nur saçýan Gün bolup dörän,

Türkmeniň buýsanjy beýik Pyragy.

 

Keşt eýleýip gezdiň älem ýüzüni,

Taryplap Watanyň degre-düzüni.

Gözelligiň waspyn edip elmydam,

Ala-ýaza ýugran her bir sözüni.

 

Dürdäne sözleri paýhas gözgüsi,

Şygryýetde ornun tutmaz özgesi.

Dünýä täsin sowallara gaplansa,

Eserleňde jemlenendir çözgüdi.

 

Ine, bu gün ör boýuna galyban,

Ýol görkezýar gurup giden binýadyň.

Möwritin ýitirmez ajap eserleň,

Asyrdan-asyra ýaýylar adyň!

 

Arkadag Serdarly bagtly eýýamda,

Arzuwlan zamanaň dünýä ýaň salýar.

Üç ýüz ýyllyk toýuň baýram çagynda,

Pyragym, owazaň äleme dolýar.

 

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2024 | 25 okalan

TÜRKMEN BINASY

14 Sentýabr 2024 | 58 okalan

HALAL ZÄHMET – BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILI

13 Sentýabr 2024 | 31 okalan

AKYLDARYŇ ŞYGRYÝETI GRUZIN DILINDE