Üstünliklere beslenip gelen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyzyň her bir gününde beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreler ýokary derejede guralýar. Şunuň bilen bir hatarda, Magtymguly atamyzyň giň ummana deňelýän köptaraply döredijiligini çuňňur öwrenmeklik, ösüp gelýän ýaş nesillere wagyz etmeklik giň gerime eýe boldy. Akyldar şahyryň watansöýüjilik, dost-doganlyk, mertlik, batyrlyk, gahrymançylyk baradaky giň göwrümli döredijiligi islendik okyjynyň ünsüni özüne çekýär, çuň oýlanmaga, pikir ummanyna çümmäge mejbur edýär.
Magtymgulynyň döredijiliginde uly orun tutan temalaryň biri hem «Görogly» eposydyr. Dana atamyzyň goşgularynda halkymyzyň milli gahrymany Görogly begiň adynyň agzalmagy şahyryň bu eposy söýüp okandygyndan, içgin öwrenendiginden habar berýär. Halk arasynda saklanyp galyp, biziň günlerimize ýetip gelen rowaýata salgylansak, «Magtymguly Pyragy Hywadaky Şirgazy medresesinde okap ýören döwürlerinde, Hywa golaý ýerleşýän türkmen obalarynda tutulýan toýlarda dessançy bagşylaryň «Görogly» eposyndan ýerine ýetirýän şahalaryny uly höwes bilen diňläpdir. Bagşylar bilen ýakyn gatnaşykda bolup, bu eposynyň ähli şahalaryny ýatdan öwrenipdir» diýen maglumatlara gabat gelmek bolýar. Mundan başga, Magtymguly atamyzyň «Turgul diýdiler» diýen şygrynda beýan edilýän wakalar bilen «Görogly» eposynyň «Göroglynyň döreýşi» şahasyndaky ýaşajyk Röwşeniň (Göroglynyň) pirlerden pata alýan pursatynyň beýan edilişinde meňzeşlik bar. Ýene-de şol bölümiň dowamynda ýaşajyk Röwşeniň ulalyp, ýigit çykyp, Yspyhana baryp, syrly ýaýy çekip alýan ýeri suratlandyrylýar. Magtymguly atamyzyň «Gözel sen» atly goşgusynda:
Ussa Jepbar işi, senjap jüpbesi,
Yspyhanda gurlan ýaýy gözel sen.
– diýen setirleri şahyryň «Görogly» eposyny ürç edip öwrenendiginden habar berýär. Goja seýis Jygalybegiň agtygy Röwşene (Görogla):
Ýalňyz balam algyn pendim,
Ýurduňy terk ediji bolma,
Özüňden gaýry namardyň,
Minnetin çekiji bolma
- diýip, berýän nesihaty, Magtymguly atamyzyň «Gidiji bolma» atly goşgusynda:
Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip, gidiji bolma !
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma !
– diýen görnüşde gaýtalanyp, halka ýetirilýär.
«Görogly» eposy bilen gös-göni baglanyşykly bolan şular ýaly deňeşdirmelere Magtymgulynyň şygyrlarynda ýene-de köp duş gelmek bolýar. «Görogly» eposynyň «Arapreýhan» şahasynda Arapreýhanyň eline ýesir düşen, eli daňylgy Görogly:
Laçynam, düşdüm toruňa
Arap gardaş aman-aman,
Goýber-hä gideý ýoluma,
Arap gardaş aman-aman
- diýip, aman dileýär. Magtymguly atamyzyň «Delalat ýagşy» diýen şygrynda bu pursat:
Görogly Reýhana niçik ýalbardy
«Amandyr» diýene diýanat ýagşy
– diýlip, beýan edilýär.
Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanyp, goşgularyny okap adam her gezekde bir täze pikriň üstünden barýar. Şahyr «San bolsam» diýen goşgusynda özünden kän asyr ozal ýaşap geçen Gündogaryň beýik akyldarlarynyň, şahyrlarynyň adyny agzap, olary öz halypasy saýyp, özüniň hem şolaryň hataryna girmegini arzuw edipdir. Akyldar şahyr çuň mazmun ýugrulan döredijiligi bilen şol beýikleriň hataryna girmegi başardy. Şunuň bilen bir hatarda, Magtymguly atamyz «Görogly» eposynyň hem halka ýetirilmeginde, söýlüp okalmagynda, öwrenilmeginde özüniň uly goşandyny goşupdyr.
Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, asyrlar aşyp, halkymyzyň hakydasynda ebedi ýaşap gelýän beýik şahsyýetlerimiz baradaky gymmatly maglumatlary dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletimiziň bähbitlerini nazarlaýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şamyrat PIRMÄDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.