Döwürleriň we köňülleriň ajaýyp şahyry dana Magtymgulynyň owazasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende galdy. Diňe öz döwrüniň däl häzirki döwrüň hem beýik şahyry we şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy ýaşap geçen durmuşynyň ähli pursatlarynda il-halkynyň agzybirligini, we abadançylygyny gazanmak ugrunda alada edipdir. Aýratyn-da türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Şahyryň döredijiliginde türkmen halkynyň ykbalyna dahylly meseleler barada pikir ýöredilýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, şahyryň türkmen halkynyň ykbaly baradaky alada bilen ýaşandygyna göz ýetirýärsiň.
Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetine goşant goşan beýik şahyr we akyldardyr. Beýik akyldar türkmen nusgawy edebiýatynyň däplerine eýerip, milli şygryýetimiziň belende galmagyna uly goşant goşdy. Magtymguly Pyragy sözüň doly manysynda milli şahyrdyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, söz äleminiň zergäri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, dil baýlygy, pikir ummany çäksizdir.
Dana şahyr öwüt-ündewe ýugrulan eserleri bilen edebi mekdebi döretdi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň setirleri köňülleriň kelamyna öwrüldi. Şanly toýunyň 300 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde şahyryň waspy belente ýaňlanýar. Edebiýat sungatymyza belent sarpa goýýan, Magtymguly Pyragynyň owazasyny äleme ýaňlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!
Enejan DOLAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.