Ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmäge hem-de dokma senagaty üçin zerur çig mal bolan piläniň öndürilişini ýokarlandyrmaga welaýatymyzda uly üns berilýär. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinen Görogly etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň pile taýýarlamak möwsümine ýokary guramaçylykly girişdiler. Etrabyň ýüpekçileri özlerine paýlanan 2191 guty ýüpek gurçugyna degişli talaplara laýyklykda, ideg edýärler. Üstümizdäki ýylda 80 tonna çig piläni öndürmegi maksat edinýän ýüpekçilerimiz häzirki wagtda bu işe tutanýerli we yhlasly çemeleşýärler.
Ýüpekçi kärendeçileriň arasynda ýaşlaryň uly toparynyň bolmagy we dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny taýýarlamakda, ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmekde jogapkärli çemeleşmekleri has-da guwandyrýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, şeýle ýaşlar bilen iş üstünde duşuşylyp, olaryň armasyny ýetirip durýarys.
Halkymyzda ýüpek gurçugyny idedýänlere “Ýüpegiňiz uçly bolsun!” diýip, ýagşy dileg edilýär. Şundan ugur alyp, biz hem ýüpekçi kärendeçilerimize şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edýäris !
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.