Daşary syýasatymyzda ileri tutulýan ugra öwrülen sport öz gerimini barha giňeltmek bilen. Onuň netijesinde, häzirki wagtda sport babatynda halkara hyzmatdaşlygy alnyp barylýar. Köp sanly halkara sport guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şunlukda, türkmen sportunyň iri düzümi kemala gelýär. Gurulýan amatly we döwrebap sport desgalary türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrjak ençeme ýaryşlaryň we çempionatlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Ählumumy asudalygyň we hoşniýetliligiň tarapdary bolan ynsanyýet öz öňünde birek-birege mähirli gatnaşyklary, dostlugy, söýgüni we ýene-de bolup biläýjek ähli oňatlyklary maksat edinýär. Ähli döwletlerde bolşy ýaly, Aşgabat hem turuwbaşdan şeýle oňatlyklar bilen gurşalan mekandyr. Munuň şeýledigini, bu sebitiň «Aşyklaryň şäheri», «Aziýanyň merjen şäheri», «Ak mermer binalaryň şäheri», «Merkezi Aziýanyň ylalaşdyryjy merkezi» diýlip, ýörite atlandyrylmagy-da subut edýär. Paýtagtymyz dogrusynda gürrüň edilende, ilkinji nobatda, sporta aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Ýurdumyzda sportuň giň gerim almagy, daşary syýasatymyzda esasy ugurlaryň hatarynda görülmegi — bularyň ählisi sebitde parahatçylygyň we dostlugyň nusgasyna öwrülen Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly-doganlykly daşary syýasatyny alyp barmakda ileri tutýan möhüm ugrudyr.
Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Sport hemmeler üçindir we her bir adam üçindir! Sebäbi sport diňe bir beden taýdan kämilleşmek däl, eýsem, ruhubelentligiň we öz-özüňi ýüze çykarmagyň erkinligidir! Munuň özi, açyşlaryň we ýeňişleriň, täze mümkinçilikleriň hem-de has ýokary maksatlaryň doly şatlygy bolan tutuş dünýädir!». Milli sportumyzda gazanylýan üstünlikler we belent sepgitler ýurdumyzyň sport syýasatynyň işjeňligini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Sagdyn bolmak üçin ýaşaýşymyzda giňden ýörgünli bolan sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermelidiris. Ine, şeýle ýörelgeler biziň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň berk bedenli we kämil bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edip, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sportuň köp sanly görnüşleri bilen meşgul bolmakda goldaw berýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän sport mekdepleri munuň aýdyň mysalydyr. Dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän sagaldyş merkezleri, sport merkezleri we medeni-dynç alyş zolaklary ynsan saglygyny berkitmekdäki anyk ädimlerdir. Şeýlelikde, ynsanyň beden saglygy, rahatlygy, ruhy kämilligi gazanylýar.
Sporty ilatymyzyň arasynda giňden wagyz etmek çäreleriniň giň gerimde durmuşa geçirilýändigini hem bellemek ýerliklidir. Wagyz-nesihat çärelerini geçirmekde ähli jemgyýetçilik guramalary harby we hukuk goraýjy edaralar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýup, özara sazlaşykly, netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Okuw mekdebimiziň işgärleri we Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary guramanyň Geňeşleri bilen bilelikde, sagdyn jemgyýetçilik ýörelgelerini ornaşdyrmaga seslenip, wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Şeýle çäreler özüniň oňyn netijelerini berýär. Çünki sporty ykrar edip, ony özüniň ýakyn hemrasyna öwrüp, meşgul bolýanlaryň sany barha artýar. Mundan daşgary, ýaşlar okamaga. öwrenmäge, bilimlerini günibirin artdyrmaga örän höwesli. Ýaş nesilleriň ýaramaz endiklerden daşda durmaga çagyrylmagy geljek üçin sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginiň berk esasydyr. Jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, biziň okuw mekdebimiz hem öz nobatynda bu ugurda alyp barýan netijeli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi maksat edinýär.
Bibisere SAPAROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.