HEREKET EDIŇ!

     Kiçijik aýy çagajygy nähili ýöräp başlajagyny bilmän, ahyry enesinden sorady: «Ilki bilen men näme etmeli? Sag aýagymda başlaýynmy ýa-da çep aýagymda? Ýa-da ilki öňdäki iki aýagymy, soňra yzky aýaklarymy herekete getireýinmi? Ýa-da sagdaky iki aýagymy herekete getireýinmi ýa-da çepdäki iki aýagymy?». Çagajygynyň yzyny üzmän berýän sowallaryna ene aýy gysgaça jogap berdi: «Pikir etmäni bes et we ýöremäge başla”» Ene aýy mamlady. Çünki köp pikirlenmekden we köp gürlemekden hereket etmeklik amatly.

     Talantly oýlap tapyjy Nolan Buşneniň pikirleri bolsa, has hem geň. Onuň pikiriçe, adamda hammama girenden täze pikirler peýda bolýar. Birhili diňe bedeni däl, eýsem dagynyk pikirleri hem arassalaýan ýaly. Bu her bir adamda bolup biläýjek tebigy zat. Emma käbir adamlar bu mümkinçilikden peýdalanmaýarlar. Olardan tapawutlylykda zehinliler bolsa, hammamdan çykan badyna täze pikirlerini öňde goýan maksadyna öwrüp, tizden amala aşyrmak bilen bolýarlar.

     Ýa-da, ýene bir mysal. zehinli ýazyjy Sidneý Harisiň hem pikirleri bu babatda bellärliklidir. Eger-de eden işlerimiz üçin ökünsek, onda ökünişimiz wagtyň geçmegi bilen peselýär ýa-da ýitýär. Emma etmedik işlerimiz üçin ökünäýsek, näme üçindir ýürekden galan yza dek ökünç köp wagta çekýär.

     Jemleme hökmünde aýtsak, biziň oňat pikirimiz ony amala aşyrmak ugrunda eden hereketimizde aýan bolýar.

 

Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň

Azatlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaş alym,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY