Asylly maksatlar aýdyň ýolda üstünlik getirýär. Gazanylan tejribe bolsa, kämillik ýolunda ösüşe itergi bolýar. Bu ugurdaky düýpli işler “Türkmenistan. Sport” teleýaýlymy babatynda hem şeýledir. Bu telaýaýlymda sport ýaryşlary, çempionatlar, sportuň ähmiýetine bagyşlanan köpöwüşgünli, ýokary many-mazmunly sport gepleşikleri, özara pikir alyşmak häsiýetli söhbetdeşlikler, daşary döwletleriň sport durmuşyndan habar berýän gepleşikler gyzgyny bilen tomaşaçylara ýetirilýär. Ýaýlymda sport ýaryşlaryndan dürli reportažlar, söhbetdeşlikler yzygiderli ýaýlyma goýberilýär. Gündelik ýaýlyma goýberilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk ýoly”, “Türkmen türgenleriniň üstünligi”, “Häzirkizaman sport dünýäsi”, “Ýeňişli ýollarda” atly gepleşikler hem öz nobatynda tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, halkara derejeli sport guramalary, dünýäniň abraýly sport teleýaýlymlary bilen oňyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Daşary ýurtlara guralan okuw saparlary, şeýle-de, ýurdumyzyň sport durmuşynyň taryhynda birnäçe gezek geçirilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň sport toparynyň nobatdaky 54-nji halkara maslahaty munuň aýdyň mysallarydyr. Häzirki wagtda teleýaýlymda halkara ýaryşlaryny göni ýaýlyma bermek, ýaryşlardan täsirli reportažlary taýýarlamak we gyzgyny bilen tomaşaçylara ýetirmek ýaly meseleler aýratyn üns merkezinde durýar. Bu ugurda döwrebap usullary öwrenmek we ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport çäreleriniň ýokary derejeli reňkli formatda, türkmen dilinde gyzgyny bilen, sport muşdaklaryna ýetirilmegi giň seslenme döredýär.
Ýurdumyzyň sport teleýaýlymy “FIFA World Cup” dünýä çempionatynyň oýunlaryny hem yzygiderli göni ýaýlyma goýberýär. Bu ugurda halkara sport guramalarynyň, sport teleýaýlymlarynyň ýardam berýändiklerini aýratyn bellemelidiris. Hususan-da, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we 2012-nji ýylyň aprelinden bäri, bu birleşigiň doly hukukly agzasy bolup durýar. Mundan başga-da, Irlandiýanyň “Setanta sport” teleýaýlymy bilen oňyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle hyzmatdaşlyklygyň gönüden-göni özara tejribe alyşmaga ýardam berjekdigi aýratyn bellärliklidir.
Dünýäde giň seslenme döredýän, millionlarça ynsanlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak halkara derejeli ýaryşlary, dünýä çempionatlaryny öz milli diliňde, ýokary derejeli reňkli formatda synlamak lezzetlidir. Ýurdumyzyň sport muşdaklary we janköýerleri, ine, şeýle lezzeti duýup ýaşaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giň gerim alýan we halkara derejesinde ykrar edilýän türkmen sportunyň at-abraýy barha belende galýar.
Gözel KUŞMEKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.