ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAR

       Mukaddes topragy gorar her demde

       Türkmen gerçekleri, türkmen begleri.

       Watan mertebesin saklar gerdende

       Türkmen gerçekleri, türkmen begleri.

       Türkmen topragy – ençeme mertleriň yzy galan mukaddes toprak. Türkmen topragy – beýik gerçekleriň jandan eziz görüp, asyrlaryň hatarly ýollarynda döşüni gerip gorap keremli mesgeni. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň müňlerçesi şu Zeminiň abatlygy ugrunda deňi-taýy bolmadyk mertlik, gahrymançylyk görkezipdirler. Olaryň atlary türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

       Urşuň gutarany bäri ýyllaryň kerweni hatar gurap geçse-de, ol ýyllaryň gahrymançylykly sahypalary biziň kalplarymyzda hemişe ýaşaýar. Watandaşlarymyza buýsanç duýgusy biziň ýüregimiziň törüne ebedi ornady. Biz olaryň öçmejek şöhratynyň öňünde hemişe baş egýäris. Watanymyzy jandan eziz görmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesiller biziň buýsanjymyzdyr, Watanymyzyň mertebesidir.

       Ýurdumyzda türkmen halkynyň parahatçylyga we ylalaşyga, ynsanperwerlige hem-de döredijilige üýtgewsiz ygrarlylygy hökmünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanyna her ýylda uly dabaralar guralýar. Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlary, olaryň ýanýoldaşlaryny, şeýle-de tylda zähmet çeken weteranlary sylaglamak we olara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabaralary ýokary guramaçylykly geçirilýär. Bu uruşda ýeňiş gazanan türkmen gerçekleriniň deňsiz-taýsyz edermenligi, mukaddes ojaklaryna wepaly zenanlarymyzyň gaýduwsyz zähmeti hakyndaky ýatlama häzirki we geljekki nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar. Uruş we zähmet weteranlarynyň gahrymançylykly durmuş ýoly watançylygyň, mähriban topragymyza çäksiz wepalylygyň hem-de mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekli hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebidir.

       Aramyzda ýaşap ýören weteranlarymyz ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi. Olaryň geçen söweş ýoly baradaky gürrüňleri, dürli görnüşli maglumatlar, frontdan gelen hatlar, gahrymançylyklary we edermenlikleri üçin berlen Hormat hatlarydyr orden-medallar watansöýüji ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Öz gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän mukaddes ýörelgesidir. Ýowuz uruş ýyllarynda türkmen topragynyň edermen gerçekleriniň müňlerçesi beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, hakyky edermenligiň, mertligiň ajaýyp göreldesini görkezdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uruş we zähmet weteranlaryna, şeýle hem mukaddes ojaklaryna wepaly enelerimize aýratyn hormat-sarpa goýulýar, olar döwletimiz tarapyndan hemişe üns-alada bilen gurşalýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlaryň atlary «Hatyra» kitabynda, galagoply söweş ýollaryny geçip, öýlerine ýeňiş bilen dolanan Watan goragçylarynyň atlary bolsa «Şöhrat» kitabynda ebedileşdirildi. Beýik Ýeňşi gazananlaryň mertligi-edermenligi hakyndaky bu resmi maglumatlar bolsa olaryň nesillerinde buýsanç we guwanç duýgularyny döredýär.

       Nirede parahatçylyk bar bolsa, şol ýurduň raýatlary hem bagtly durmuşda ýaşaýar diýilýär. Biz hem bagtyýar durmuşyň hözürini görüp ýaşaýarys. Çünki, döwletimiziň başynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýoluny dowam edip, parahat ýurdumyz, halkynyň bagtyýar durmuşy barada uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar.

       Gahrymanlar undulmaýar,

       Ýüreklerde ýaşar baky.

       Gazanylan Beýik Ýeňiş

       Baş aýdymdyr köňüldäki.

 

       Ýaşaýas parahat ýurtda,

       Gaýgy-alada ýat bu gün.

       Taryhy senäň şanyna

       Toý toýlaýar türkmen ilim.

       Halkymyzyň baý taryhynda yz galdyran edermen gerçekleriň hatyrasyny belentde saklaýan, ýurdumyzy parahat mesgene öwüren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, türkmen halkynyň asuda, abadan geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY