Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar şu güni, nurana geljegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Netijede ýaşlarymyz Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen amal edilýän işlere çuňňur düşünip, okamak, öwrenmek, döretmek bilen Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da beýgeldýärler.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» – diýip, biz ýaşlara bildirýän ynamyna wepaly bolup kämil şahsyýetler bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys.
Türkmen ýaşlarynyň sanly ulgam bilen üpjün edilen bilim edaralarynda okamagyny, zähmet çekmegini hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny göz öňüne tutýan mümkinçilikleri we şertleri ýokarlandyrmak ýaş nesiller babatda halk bähbitli işleriň özenini düzýän aýratynlykdyr. Bu ýurduň her bir ýaş raýatynyň umumy bähbitli başlangyçlara, jemgyýetiň ösüş depginine goşant goşmaga höweslenmeginde hem-de özünde belent hyjuwy kemala getirmegi üçin hökmanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň il-günümize sowgat beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyndan ruhlanyp, bu ajaýyp eserde aýratyn bölüm hökmünde ýerleşdirilen «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly bölümüni wagyz etmek maksady bilen taýýarlanan «SANLY DÜNÝÄ: ÝAŞLAR. ÖSÜŞ. GELJEK» atly gepleşigimiziň ýene bir sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň bu sanyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow alyp bardy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Nanotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Halmyrat Orunbaýew myhman hökmünde gatnaşdy
Gepleşigimiziň bu gezekki sanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yashlar.gov.tm resmi web saýtynyň poçta hasabyna ildeşlerimizden gelip gowşan gyzykly hem-de täsirli soraglaryň biri bolan 3 ölçegli printerler, onuň ulanylyşy, gündelik durmuşymyzda ulanylyşy şeýle-de Bioprinterler barada gyzykly hem-de täsirli gürrüňleri berdi.
Eýsem 3 ölçegli, ýagny 3D printer näme!
Adyndan görnüşi ýaly, 3D printerler dürli materiallardan üç ölçegli zatlary gurup bilýärler. Iň esasy, 3D printer üç ölçegli jisimi emele getirmek — mehanizmiň düzüm bölekleri, skeletiň süňkleri, titanly implant ýa-da protez, gaz turbinasynyň elementleri, keramiki gap-gaçlar, öýleriň maketleri, kiçi etrapçalaryň maketleri, oýnawaçlar, barokko stilinde uly bolmadyk heýkeljikler, köwüşler we beýlekiler ýaly zatlary ýasamaga mümkinçilik berýär. Hatda 20 sagadyň dowamynda uly bolmadyk öýleri döredip bilýän 3D printerler hem bar.
3D çap edilen önümçilik, geljege gaty gyzykly potensialy bolan çalt ösýän pudakdyr. 3D çap edilen zatlaryň durmuşymyzy has aňsat, has amatly, has ygtybarly ýagdaýa getirýär.
Pirnazar REJEPOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.