AKSUW HEM GARASUW ÇEŞMESI

      Eziz Diýarymyzyň günorta-gündogarynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesiniň Künjek obasynyň ýanynda ýerleşýän Hojagaýnar ýa-da Gaýnarbaba çeşmesi tebigatyň täsin we ajaýyp mineral suw çeşmeleriniň biridir. Ol Köýtendagyň günbatar ýapgydyndan öz gözbaşyny alýar. Dagyň aşagyndan çogup çykýan kükürtli-wodorodly suw köp dertleriň dermany, onuň suwy şorrak, suwunyň ýylylygy bolsa ýylyň bütin dowamynda 22,6 derejesinde saklanýar. Suw ýyly bolansoň, bu ýerde gyşyň-ýazyň, tapawudy ýok, suwa düşüp bolýar. Bu aýna ýaly öwüşginli çeşmäniň suwy juda dury. Çeşmäniň jandarlarynyň arasynda ýura döwründen galan molýuskalar, sülükler, balyklar we beýleki oňurgasyz jandarlar gabat gelýär. Diňe bir haýwanat dünýäsi däl, eýsem, çeşmäniň ösümlik dünýäsi hem köpdürli we täsindir. Alymlar bu çeşmäni «Gadymy haýwanlaryň janly muzeýi» diýip atlandyrýarlar. Ol ýerde Ak suw we Gara suw atly iki çeşme akýar.

   Garasuw çeşmesiniň ugrunda kiçiräk köl emele gelipdir. Bu kölüň suwy örän dury bolup, düýbündäki daşjagazlary we içindäki ýüzüp ýören balyklaryna degmeýärler.

      Aksuw çeşmesi Köýtendagyň kükürt dag jynslarynyň üstünden akmak bilen, kükürt-wodorodly çeşmä öwrülipdir. Aksuw çeşmesi özüniň bejeriji, derman suwy bilen tapawutlanýar. Onuň suwy duzlyrak, bir litr suwunda 2.26 gram duz bar. Suwuň ysy ýakymsyzdyr, ýöne adam üçin örän peýdalydyr.

      Adamlar çeşme suwuny saglyklaryny berkitmekde hem ulanýarlar. Mart aýyndan başlap, tä noýabr aýyna çenli çeşmäniň başy köp adamly bolýar. Çeşme suwy, esasan, aşgazan, içege, deri kesellerini we tendäki ýaralary bejermäge kömek edýär.

   Köýtendagyň ýaşaýjylary bu köli keramatly hasaplaýarlar. Şonuň üçin onuň içindäki ýüzüp ýören balyklara degmeýärler.

 

Gülşirin MAMEDOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY