Çagalar durmuşymyzyň bezegi, Watanymyzyň daýanjydyr. Türkmen halkymyzda çagalaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär. Ata-balarymyz çagalaryň beden we ruhly sagdynlygyna aýratyn üns berip, olaryň kiçilikde hereketli oýunlar bilen meşgullanmagyny ündäpdirler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda maşgalada we jemgyýetimizde berk alada bilen gurşalan çagalaryň dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Watanymyzyň ak ertiri bolan ýaş nesliň dünýä ösüşlerine akyl ýetirip bilýän, ylymly-bilimli bolmaklary üçin ähli şertler döredilen. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň yglan edilmeginiň çagalaryň sungata bolan höwesini artdyrmakda, olary ýaşlykdan hünär saýlamaklyga ugrukdyrmakda, olaryň bilesigelijiligini we çeperçilik işjeňligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýarys.
Bu bäsleşige ýurdumyzyň çar künjünden 14 ýaşa çenli çagalar gatnaşyp, ol iki tapgyrda geçirilýär. Bu bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçmegi üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy, Aşgabat we Arkadag şäheriniň medeniýet müdirlikleri uly işler meýilleşdirýärler. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda tapawutlanan işlere I, II, III orunlar kesgitlenip, çagalaryň ählisine höweslendiriji baýraklar gowşurylar. Bäsleşigiň jemi 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde dabaraly ýagdaýda jemlener.
Maýa HALYKBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.