EKOLOGIÝA SYÝASATYNDAN UGUR ALYP

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ylham güzerinden we döredijilik dünýäsinden kemal tapan ajaýyp şygyr setirlerinden ugur alnyp atlandyrylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly ruhubelentlige beslenýär. Ýylyň şygarynda halkymyzyň ruhy dünýäsine, beýik şahyrymyzyň umman ýaly giň döredijiligine, paýhasyna çäksiz hormat aýdyň şöhlelenýär. Şanly ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary netijesinde gadymy Jeýhuny etekläp oturan Lebap welaýatymyzyň hem syýasy we ykdysady, medeni durmuşy gün-günden özgerýär.  Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da berkitmek, halkymyzy ýerli gurluşyk harytlary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek hem-de olaryň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen welaýatymyzyň Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen işe başlamagy-da ýurdumyzyň, sanda sebitimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm ädimleriň biri boldy. Zawodyň kuwwatly güýje eýe bolmagy üçin onuň ýerleşýän ýeri bolan Köýtendag sebitinde çig malyň gorlary ýeterlik bar. Indi öňde durýan esasy wezipeler ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edip, oba hojalyk we senagat önümleriň öndürilişini artdyrmakdan, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň esasy maksady — adamyň ýaşaýşynyň we işiniň çeşmesi hökmünde çykyş edýän tebigatyň abat saklanmagy hem-de onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak milli döwlet wezipesidir, ählihalk işidir, şol sanda Türkmenistanyň her bir raýatynyň borjudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň gözel tebigatynyň has-da baýlaşmagy, döwletimiziň ekologiýa howpsyzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek, ilatyň, ylaýta-da ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda ekologik düşünjeleri kemala getirmek barada ýurdumyzda yzygiderli alada edilýär.

      Köýtendag özüniň çogly güneşli, gaýtalanmajak landşafty, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Güneşli Diýarymyzyň bu ajaýyp tebigy gurşawy özünde tebigy täsinlikleriň birnäçesini jemleýär. Gojaman Köýten özboluşly tebigy keşbi, gözel dereleri we jülgeleri bilen dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Dag sebitlerinde döwlet, sebit we dünýä ähmiýetli tebigy ýadygärlikleriň hem birnäçesi ýerleşýär. Şonuň ýaly-da Köýtendagynda ösümlikleriň 989 görnüşi ösüp, şolaryň 10 göterimi diňe şu çäklerde duş gelinýän endemik görnüşlerden ybaratdyr. Bu ýerde dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň 200-den gowrak görnüşine duş gelmek mümkin. Olaryň käbir görnüşleriniň aýratynlyklary, bejerijilik häsiýetleri barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy ensiklopedik eserinde giňişleýin beýan edilýär. Dagyň gaýtalanmajak gözellikleri, tebigat, haýwanat we ösümlik dünýäsi, tebigy ýadygärlikleri Köýten döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri tarapyndan goralýar. Biz bu ugurda alnyp barylýan işleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işlere mundan beýläk-de öz goşandymyzy goşarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan, ýurdumyzyň abraýyny tutuş dünýäde şöhratlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, eşretli döwür üçin durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!  

 

Döwletgeldi ALLABERDIÝEW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY