GOŞA BAÝRAM, GOŞA TOÝ

      Toýlary toýlara ulaşýan ýurdumyzda ýene uly toý. Onda-da goşa toý!

      Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni! Iki mukaddesligiň toýunyň bile gelmeginden çuňňur many bar, bularyň ikisi-de bir many-mazmunda, bir uly maksatda birleşýär! Bularyň ikisi-de şanly geçmişimizden güýç alyp döredi. Döwrümiziň belentligini, agzybirligimizi, abraý-mertebämizi jahana ýaýýar. Bularyň ikisi-de geljegimiziň nuranalygyny alamatlandyrýar.

      32 ýyl mundan ozal, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Bagta ýeten ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hökmünde uludan baýram edilýär. Esasy Kanunymyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrylyp, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň jebisligini pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döredýär.

      Konstitusiýa – bu döwletiň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, saýlaw ulgamyny, döwlet edaralarynyň işini, raýatlaryň esasy hukuklaryny kesgitleýän esasy kanundyr. Konstitusiýa döwlet sütüni, bagtyýarlygyň ykrarnamasydyr. Esasy Kanunymyz adamyň erkin ösmegi üçin şertleri döretmegi, raýatyň at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, hukuklaryny, her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýär.

      Ýaşyl Baýdagymyz halkymyzyň buýsanjy bolup pasyrdaýar. Ol pasyrdyda, buýsandyryjy täsin bir ýalkym, täsin bir owaz bar. Ol owaz eziz Watanymyzyň sazlaşykly ýürek urgusynyň gürsüldisi bolup ýaňlanýar. Bu owaz, bu mukam Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň baky bagt sazydyr. Ol saz ýüreklere ylham, köňüllere joşgun berýär.

      Esasy Kanunymyz we ýaşyl Baýdagymyz ýurdumyzyň, ykbalymyzyň sarsmaz sütünleri, bagt hakynda beýik aýdym! Olar ak arzuwlaryň wysaly. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni – beýik sazlaşyk.

      Ýaşyl reňkli mukaddes Tuguň astynda türkmen halky agzybir zähmet çekýär we geljege ynamly garaýar. Baýdagymyzda halkymyzyň geçmişi, şu güni, nurana geljegi, ýurdumyzyň gözel tebigaty, arşyň nepisligi bolan türkmen halysy göz öňünde janlanyp, onda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy – türkmeniň mukaddes Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy öz beýanyny tapýar.

      Türkmenistan Watanymyzyň döwlet nyşany bolan ýaşyl reňkli, haly gölli, aý-ýyldyzly baýdagymyz türkmen üçin mukaddesdir. Ol milletiň agzybirligini, jebisligini, mertebesini, Watana bolan söýgüsini beýan edýär, her bir raýatyň kalbynda buýsanç, ruhubelentlik duýgusyny oýarýar. Oguz han atamyzdan gözbaşyny alan, türkmen sährasynyň reňkini, geçen taryhy ýoluny, milli mirasyny, medeniýetini, arzuw islegini özüne siňdiren Döwlet baýdagymyz halkymyzyň milli gymmatlygydyr.

      Bu iki mukaddeslik ulus-iliň alna sylyp, togap eýleýän mukaddeslikleridir, döwletliligimiziň we bagtyýarlygymyzyň nyşanydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ýaşyl tuguň astynda abadançylygyň hem ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

      Goý, baýramlarymyzy döwlet derejesinde bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

 

Ýazjemal AGAÝEWA,

Mary welaýat kitaphanasynyň «Neşirleri toplamak we işlemek»

bölüminiň kitaphanaçysy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY