TÜRKMENISTAN — ÝEWROPA BILELEŞIGI: GELJEGIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE ÝOLLARY

      2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Ýewropa Bileleşiginiň Gününe bagyşlanan möhüm çäräniň çäginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» atly bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Energetika ministrligi, «Türkmengaz» Döwlet konserni bilen Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça korporasiýasy (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän, Halkara hyzmatdaşlyk üçin Germaniýanyň Halkara Jemgyýetiniň arasynda özara Düşünişmek hakynda Memorandumyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

      Bilşimiz ýaly, Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 1993-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ýola goýlan wagtyndan bäri dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.

      Maslahat Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Raşid Meredow, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala we DG INTPA, Ýewropa Komissiýasynyň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar bölüminiň müdiri Sara Rinaldi ýaly Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri ýaly dürli gatnaşyjylar toparyny jemledi. Mundan başga-da, çärä Türkmenistanyň döwlet işgärleri, diplomatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitleýin we milli taslamalaryň wekilleri gatnaşdylar.

      Umuman, bu çäre diňe bir diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň taryhy ähmiýetini şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny we netijeli häsiýete eýedigini görkezdi.

 

Selbi ATAJANOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara

hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Iýun 2024 | 85 okalan

BUÝSANÇNAMA

29 Iýun 2024 | 96 okalan

ÝAŞLAR SYÝASATY ROWAÇLANÝAR