BAÝDAGYMYZ – BAŞYMYZYŇ TÄJIDIR KANUNYMYZ – KALBYMYZYŇ GÜÝJÜDIR

      Gözel Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni buýsançly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ösmegi Garaşsyz döwletimiziň täze belentliklere göterilmegine mizemez binýat bolup durýar. Her ýylyň 18-nji maýynda hem ýurdumyzda uly joşgun, buýsanç bilen milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegi mukaddesliklerimize bolan belent sarpadan nyşandyr. Bu şanly sene mynasybetli ata Watanymyzyň ähli ýerinde geçirilýän baýramçylyk çäreler merdana halkymyzyň ata Watanymyza, Hormatly Prezidentimize bolan çäksiz guwanjynyň we buýsanjynyň nyşanydyr.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty barha ýokarlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ýörelge edinýän daşary syýasaty Garaşsyz döwletimiziň gülläp ösmegi hem-de dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy üçin amatly şertleri döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyz türkmen halky üçin bir bitewi gymmatlykdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda berkarar döwletimiz ata-babalarymyzyň agzybir, parahat ýaşamagy hakynda ündän wesýetlerine wepaly bolup, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkarar etmekde Baş Kanunymyzdan ugur alýar we baş ýörelge edinýär.

      Halkara giňişliginde uly hormatdan peýdalanýan döwletimiziň ýaşyl baýdagy berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsançly beýany bolup, älem-jahana nuruny çaýýar. Mukaddes Watan baýdagy türkmen halkynyň ruhundan, kalbyndan dörän milli gymmatlyk bolup, hormatly Prezidentimiz bilen halkymyzyň berk bitewiligini alamatlandyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti hem-de parahatçylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän Konstitusiýamyz, ýaşyl Tugumyz biziň milli gymmatlyklarymyzdyr, dünýä ýüzündäki abraý-mertebämizdir.

      Gözel paýtagtymyz Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilip, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi. Aşgabatda gurlan Konstitusiýa binasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Esasy Kanunymyzyň iň ýokarda durýandygyny alamatlandyryp, eşretli geljege barýan röwşen ýolumyzyň adalatyň hem-de parahatçylyk söýüjiligiň, dost-doganlygyň ýolydygyny tutuş dünýä ýaýýar. Merjen paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, şäherlerdir obalarda  belent sütünli baýdak meýdançalarynda parlaýan Döwlet baýdagymyz her bir adamyň buýsanjyny arşa galdyryp, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bolan beýik söýgüni aňladýar.

      Ata Watanymyzyň demokratik, hukuk, dünýewi esaslaryny pugtalandyrýan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi üçin uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Akmyrat NIKOLAÝEW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

 Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY