WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

       Golaýda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda Balkanabat şäherindäki ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň oglan talyplarynyň arasynda ýurdumyzda temmäkä garşy göreşiň alnyp barlyşy barada wideo şekiller arkaly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

       Onda çykyş edenler Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrmagynyň, ýaş nesliň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak bilen bagly işleriň oňyn netijeleri berýändigini buýsanç bilen bellediler. Çykyşlaryň her birinde ýaşlaryň bilimli, ylymly, sagdyn, berk bedenli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlar aýdyldy.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 39 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 34 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 26 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT