«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we internet ulgamy boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde, şeýle-de welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde sanly ulgam boýunça maslahat geçirildi. «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» at bilen geçirilen okuw-usuly maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Merkezi Geňeşiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ýaşlara ylym we bilim bermekde, sanly ykdysadyýeti üstünlikli durmuşa geçirmekde, kompýuterden hem-de internet torundan netijeli peýdalanmakda beýik işleriň amala aşyrylýandygy barada aýratyn durup geçdiler. Çykyşlaryň her birinde ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.