JOMARTLYK

      Abul Haýbary ady bilen tanalýan bir adam, öz kowumyndan bolan birnäçe kişi bilen Hatam Taýynyň mazarynyň gapdalyndan geçip barýar eken. Ol ýoldaşlaryna ýüzlenip: «Geliň, Hatam Taýynyň guburynyň ýanynda düşläliň. Eşidişime görä, ol merhumam bolsa, şu ýerde düşlän adamy myhman alýarmyşyn» diýipdir. Olar şol ýerde düşläpdirler. Abul Haýbary Hatamyň mazaryna bakyp: «Eý, eşek atasy, myhmanlaryňy hezzetle! Eý, eşek atasy myhmanlaryňa hödür et, ahyry!» diýip, ýaňsylap, üstünden gülmäge başlapdyr. Soň olar ýatypdyrlar welin, Abul Haýbary düýş görüpdir. Düýşünde kimdir biri oňa: «Eý, Abul Haýbary, sen ne beýle zalym, sögünjeň adam ekeniň. Sen güňläp ýatan mazardan hezzet isläp, dostlaryňy hem alyp geldiň. Biz iň gowy maly saýlap, myhmanlarymyza söwüş ederis» diýýärmişin. Gorkudan ýaňa tisginip oýanan Abul Haýbary, gözüni oňat açyp seretse, düýesi däbşenekläp, janhowluna bagyryp ýatyrmyşyn. Ol uly sesi bilen: «Haý, ýetişeweriň!» diýip, ýerinden galypdyr. Düýesi bolsa aýagyny kakyp, tizden-tiz damagy çalnaýmasa, haram öljekdenmişin. Ony dessine soýupdyrlar we uzyn gijäni etli nahar iýip geçiripdirler. Daň agarandan soň, ýola düşüpdirler. Ýoldaşlarynyň ýagdaýy ýagşy hem bolsa, Abul Haýbarynyň keýpi ýok eken. Ol düýnki hereketine we agşamky wakalara haýran bolup, oýlanmalar deňzine çümüpdir. Olar şeýdip barýarkalar, birdenkä özlerine tarap gelýän ýolagçyny görüpdirler. Ol ýolagçy bularyň saklanmagyny haýyş edip, gygyryp gelýän eken. Sakga durup seretseler, ol Hatam Taýynyň ogly Adyý eken. Onuň ýanynda ýene bir iner we yzyna tirkelen maýa bar eken. Adyý bulara garap: «Öten agşam kakamdan myhman almagyny soran sizmi?» diýipdir. Bular: «Hawa» diýip, geň galyjylyk bilen jogap beripdirler. Adyý olara bakyp: «Agşam düýşüme kakam girdi. Ol maňa: «Men Abul Haýbarynyň düýesini soýup, olary hezzetledim. Şonuň deregine şu düýäni eltip ber» diýdi. Şony bermäge geldim» diýip, gapdaly bilen tirkäp getiren daýaw inerini we maýasyny Abul Haýbara gowşurypdyr hem-de yzyna dolanypdyr. Olar bu bolýan hadysalara akyl ýetirip bilmändirler. Soňra bu waka il içine ýaýrapdyr. Hatamyň ogly Adyýyň eden işini öwüp, örän köp şahyrlar goşgy ýazypdyrlar. Şolaryň birinde bolsa Hatam Taýyny ýatlap:

Ol edil dirikä edişi ýaly.

Gabrynyň ýanynda düşlänleri-de,

Myhman aldy hormat bilen hezzetläp,

Beýle zada hiç kim duşmandy entäk – diýilýär.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR