ÇAGALARA BAGTLY BOLMAGY NÄHILI ÖWRETMELIDIGI HAKDA TYMSAL

Bir gezek dana goja bahar paslynyň gözelliklerinden gözüni gandyryp, ýol bilen barýarka, gabarasy juda uly bolan ýüki gerdenine alyp barýan adam bilen gabatlaşypdyr. Sandyraýan aýaklaryndan hem onuň egnindäki ýüküň hele-müçek däldigi, örän agyrdygy duýulýan eken.

— Beýle agyr ýüki göterip, özüňe jebir bermäge, ýeri seni näme mejbur etdi? — diýip, akyldar ol adamdan sorapdyr.

Agyr ýük astynda ýegşerilip barýan bende jogap beripdir:

— Men agtyklarym, çagalarym bagtly bolsunlar diýip, janyma munça jebir berýän. Garry atam hem öz ogly — meniň atam bagtly bolsun diýip, şeýle agyr zähmet çeker eken. Ömrüne hammal bolupdyr. Atam bolsa meniň kakamyň bagtly bolmagy üçin ömrüni ýükçi bolup ötüren eken. Kakam hem meniň üçin jebirli zähmet çekerdi — gerdeninde ýük daşardy, pahyr. Ine, indi menem çagalarymyň bagtly bolmagy üçin şeýle edýärin.

— Onsoň siziň neberäňizde, hakykatdanam, bagtly bolan kişi barmydyr — diýip, dana söhbetdeş gyzyklanypdyr.

— Entek-hä ýok, ýöne çagalar, agtyklar, belki, bagtly bolarlar! — diýip, ol adam umyt bilen aýdypdyr.

— Haýp, gynansagam, bisowat, körzehin kişi hiç kime okamagy — sowat öwredip bilmez, köralaka hiç haçan bürgüdi terbiýeläp ýetişdirip bilmez! — diýip, goja akyldar uludan dem alypdyr. — Ilki bilen özümiz bagtly bolmagy öwrenmeli, diňe şonda çagalarymyza bagtly bolmagy öwredip bileris. Şu-da perzentlerimize edip biljek iň gymmatly sowgadymyz bolar.

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW

Öňki makala

JOMARTLYK

Indiki makala

KEMPUT (tymsal)

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR