Çemen orta mekdebi tamamlandan soň, tikinçilik edýärdi. Onuň eli örän çeperdi, her bir edýän işi eline gelşik berip durdy. Ýaz paslynyň gelmegi bilen obanyň ähli gyzlary ýygnanyşyp, ümä gitdiler. Çemen garşysyndaky eýlesine-beýlesine ýaltaklap oturan gyzy halamady. Ol ýanynda oturan jorasy Laçyna:
-Laçyn, hol daş-töweregine garanjaklap oturan gyz kim gyz? - diýip, pyşyrdap sorady. Laçyn:
-Onuň ady Gözel. Olar obamyza ýaňy-ýakynda göçüp geldiler - diýip, ony Gözel bilen tanyşdyrdy. Çemen:
-Şeý diýsene. Meň-ä ol gyzy sulhum almady. Işini etmän ýöne daş-töweregine garanjaklap otyrla gyz-diýip, Gözele tarap seredende Laçyn:
-Ilki tanyşamyzda menem şeýlemikä diýdim. Ýöne adamyň içini bilmän, daş görnüşinden oňa baha bermek nädogry eken.Olar bize ýakyn ýere göçüp geldiler. Arada tanyşlyk açmaga-da geldiler. Şonda ol özüni şeýle bir sypaýçylykly alyp bardy welin, özümiň doňup galanymy duýmandyrnam-diýdi we Gözeliň ýanlaryna gelýänini görüp, Çemene dürtip göýberdi. Gözel olaryň ýanlarynda oturyp:
-Salam Laçyn. Oba durmuşy örän gyzykly eken. Men çagalykdan bäri şäherde ýaşamsoň, bu zatlar maňa geňräk görünýär. Özüň ýaly gyzlar bilen iş etmek, gürrüň etmek, diýseň ajaýyp-diýip söze başlady.Şonda Çemen:
-Entek siz obamyzda nähili täsinlikler görersiňiz-diýip, göwniýetmezçilik edýän ýaly ýylgyryp goýberdi. Onuň bu sözlerine Laçyn gaşyny çytdy. Mundan soň Gözeliň keýpi bolmady. Gyzlar giç bolmanka öýlerine gaýtdylar.
Bir gün Çemen öz jaýynda kitap okap otyrka, onuň ýanyna jigisi geldi. Ol elinde getiren kökedir kemputly torbasyny Çemene uzatdy. Onuň dürli reňkler bilen bezelen suratly, daşly kemputa gözi düşdi. Ony aldy we jigisine sagbolsun aýtdy.Çemen ony açyp görse içi ak eken. Muňa onuň ýüzi üýtgäp gitdi.Ol içi şokolatly gara süýjä garaşdy. Emma onuň diýeni bolmady. Ol içini gepletdi:
«Kemput daşky görnüşinden çak etseň, «Edil meniň halaýanym ýaly» diýdim, ýöne, içini açyp göremde welin ondan el üzdüm» Birdenem ussat Mämmet Seýidiň şeýle setirleri aklyna geldi:
...Daşky sypatyndan tanalmaz ynsan,
Ýüregin bilmeseň diýmegin pylan...- ol oýa batyp oturşyna, kitabyny okamagyny dowam etdi.
Günler geçdi. Gözel oba durmuşyna gowy öwrenişdi.Onuň beýleki gyzlar ýaly el iş edesi gelýärdi. Ol tikin tikmegi öwrenmek üçin Çemeniň ýanyna gitdi.Olara baryp, Çemenden köýnek tikmegi öwretmegini haýyş etdi. Çemen ilki bilen ümede oňa garşy özüni nädogry alyp barandygy üçin ondan ötünç sorady. Soňra oňa tikin işini öwredip başlady. Çemen Gözeliň el işine örän höwesli çemeleşýändigini görüp, haýran galdy.Ilki başda ony ulumsy, özüni hemmeden beýik saýýan ýaly görüpdi. Emma onuň häzirki ýagdaýy daşky görnüşindäkä çen etseň, düýbünden başgaçady.
Çemen bilen Gözel ýygy-ýygydan gatnaşyp jora bolup gitdiler.Günlerde bir gün Çemen ony ilki görende nähili pikir edenini oňa gürrüň berdi.Gözel muňa güldi-de:
-Hawa, oba gelen wagtlarym gökden düşen ýaly bolup, öwrenişip bilmedim. Soňundan ähli zada göz ýetirdim, mende el işine, tikinçilige bolan höwes döredi- diýende Çemen:
- Alada etme jora jan.Tikini saňa özümjik öwrederin. Nädäýersiň mendenem ökde tikinçi bolaýsaň-diýip güldi.Gözelem muňa:
- Atalarymyz «Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» diýipdirler diýip şatlykly ýylgyrdy.
Şeýdip, ilki badalar sözleri alyşmaýan bu iki gyzlar, wagtyň geçmegi bilen iň ýakyn jora bolup galdylar.
Gülälek ANNAÝEWA,
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy.