Öten patyşalaryň biriniň edepli we ýuwaş pili bar eken. Bir gün onuň üçin tokaýda gezip ýören, ýabany, sarç pili awlap getiripdirler. Ony terbiýelemek we adamlara öwrenişdirmek seýislere (pilbanlara) başartmandyr. Kelle döwenlerinden soňra, ýaňky ýabany pili edepli piliň ýanyna goşupdyrlar, şeýdilse, iň bolmanda şu pil bilen dagy öwrenişer we onuň häsiýetine girer öýdüpdirler. Emma piliň diýen etmezligi we wagşylygy köpelmese, kemelmändir. Onsoň edepli pil ýabany pile: «Sen agyr jenaýat etdiň we özüňi zyýan-zelele sokduň. Eger-de sen özüňe nähili ýagşylyk ediljekdigini bilsediň, beýle hereket etmezdiň» diýipdir. Ýabany pil oňa: «Maňa nähili ýagşylyk etjek bolýarlar?» diýip sorapdyr. Edepli pil: «Iýmitiň-otuň gowy bolar, içýän suwuň süýji bolar, bedeniňi we ýaşaýan ýeriňi her gün arassalap durarlar. Seni gorap, idegläp saklajak ýörite hyzmatkärleri bellärler. Ýylyň belli-belli günlerinde, agyr mähelläni üýşürerler. Seni bolsa altyn-ýüpekler bilen bezäp, öňüňden dep-sanaç kakyp, söz-şowhun edip, uly iliň ortasyndan ýörederler. Seni görüp patyşanyň we il-günüň göwni göteriler, şatlanar» diýipdir. Ýabany pil: «Men seniň bu sözleriňi synap görerin. Häzir bolsa özümiň gödek gylyklarymyň ählisini taşlaýaryn» diýipdir. Edepli pil: «Munyň makul gep. Indi seni sylarlar, tagzym ederler, bolçulykda gezersiň, hyzmat ederler» diýipdir. Şol aýdylýan dabara güni gelipdir. Ýabany piliň üstüne ýüpek düşäp, arkasyna bir tagty mäkäm berkidipdirler. Elinde ýarag bolan haýbatly söweşijileriň biri onuň üstüne münüpdir. Egni sowutly adamlaryň biri eline çeňňek alyp, piliň boýnunda oturypdyr. Piliň tumşugyna hem sowut geýdiripdirler. Sowut geýnen seýisler hem elleri bilen piliň iki gyýagyndan tutupdyrlar. Ony şeýle röwüşde uly iliň ortasyndan ýöredipdirler. Dabara tamamlanansoň ýabany pil ýatagyna dolanypdyr we edepli pile garap: «Men seniň aýdan zatlaryň hakdygyny synap gördüm. Ýöne senden käbir zatlary anyklap bilmek isleýärin. Aýtsana, meniň arkama basylan goşlar nämedi?» diýipdir. «Ol tagt we şol ýerdäki adamlar hem gurallar» diýipdir. «Tumşugymyň öňüne tutan ýapynjalary, iki gyýagymdan tutup duranlar, boýnumda oturan, olar nämäni aňladýar?!» diýipdir. Edepli pil: «Tumşugyňa ýapylan zad-a demir sowut. Çünki şeýdip söweşe çykylýar. Iki gyýagyňdan tutýanlar, seni ýola gönükdirýär. Boýnuňda oturan adam bolsa çeňňek sallap, seni söweşe sary öňe iberýär» diýipdir. Ýabany pil: «Hezzet-hormat edip, adymy taryplap, lybasymy zynatlap, ýol görkezýän adamlary öňümden ýöredip, şöhratymy dabaralandyryp, tagzym bilen bakyşlary... bu zatlaryň köpüsine meniň mätäçligim hem ýok, islegimem. Ondan gelýän haýyr şeriň, peýda hem zyýanyň ornuny dolup bilenok. Men her etmeli, hesip etmeli, bu ýerden janymy halas etmeli. Erkinligiň tagamyny datmadyk, onuň lezzetine düşünmez we elmydama özgeleriň pikirine gul bolup ýaşar. Mertligiň mertebedigine akyl ýetirmedik, garny dok bolsa-da, mertebesi pes bolup ýaşar» diýipdir. Bu gürrüňlerden soň edepli piliň gözi açylan ýaly bolupdyr we ol hem ýabany pil bilen gaçmaklygyň alajyny gözläpdir. Ahyry hem burunlaryna ýel düşen ýaly bolup, dälilige salypdyrlar. Dälirän piliň soňra haýyr bermeýändigine düşünýän pilbanlar ýaňzydypdyrlar. Şeýdip olar halas bolupdyr. Erkinlik we mertebe bolsa bendilikden üstün gelipdir.
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,
«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.