KYNÇYLYKLARYŇ SEBÄBI

— Halypa, kynçylyklaryň sebäbi näme? Näme üçin ol hemişe maksadymyza ýetmäge päsgel berjek bolýar? Näme üçin ol ýolumyzdan sowjak bolup, gowşaklygymyzy boýun aldyrjak bolup çytraşýar? — diýip, şägirt sorapdyr.

Halypa şeýle jogap beripdir:

— Kynçylyk diýýän zadyň, hakykatda, seniň maksadyň bir bölegidir. Oňa garşy göreşmegiňi bes et. Ýoluňy saýlanyňda ony hem göz öňünde tut. Aýdaly, sen ýaýdan ok atýarmyşyň. Nyşana uzakda, sen ony göreňok, sebäbi Zemini säheriň dumany örtüpdir. Şeýle bolanda sen ümür bilen göreşersiňmi? Şemal ösüp, dumanyň dagaryna garaşarsyň. Onsoň nyşanany görüp bilersiň, ýöne indi güýjän şemal seniň atan okuňy gyra sowjak. Şemal bilen göreşersiňmi? Sen ok atanyňda şemaly göz öňünde tutup atarsyň. Aýdaly, ýaýyň agyr hem berk, ony çekere güýjüň ýetenok. Ýaý bilen göreşersiňmi? Ýok, sen kem-kemden ony çekmekde türgenleşip, güýç toplarsyň.

— Ýöne ýeňiljek, aňsat çekilýän ýaýdan ümürsiz, şemalsyz howada atyp ýören adamlaram-a bar. Näme üçin diňe meniň atan okum şeýle köp päsgelçiliklere gabat geläýmelimişin? Ýa Älem meniň öňe ymtylmagyma garşy bolýarmyka? — diýip, öýkeli halda şägirt ýene sorapdyr.

Halypa ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir:

— Hiç haçan özgelere seretme. Ýaýyny, nyşanasyny, ok atjak wagtyny her kimiň özi saýlaýar. Käbir kişi üçin maksat — nyşana dogry urmak, başga biri üçin bu — ok atmagy öwrenmek mümkinçiligi.

Halypa pessaý ses bilen ýene şeýle diýipdir:

— Ogul, men saňa ýene bir syry açaýyn. Älemiň seniň bilen asla işi ýok. Ol hiç zada garşy hem çykanok, hiç kime kömegem edenok. Ümür seniň ok atmagyňa päsgel bermek üçin ýere inenok, şemalam seniň okuň ugruny üýtgetmek üçin ösenok. Agyr ýaýam ussa seniň gowşaklygyňy duýmagyň üçin ýasan däldir. Bularyň seniň islegiňe dahylly ýeri ýok. Şu şertler bolanlygynda, nyşana dogry urardym diýen netijä gelýän seniň özüň. Şonuň üçin ýa-ha kynçylyklar zerarly zeýrenmegiňi bes et-de, ok atmaga başla, ýa-da men-menligiňi nogtalap, özüňe has ýeňil maksat — golaý nyşana saýla...

 

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW

Öňki makala

MERTEBÄNIŇ TAGAMY

Indiki makala

ÖMÜR ÜÇIN HASABAT

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR