«Bilmen, oýalykda, bilmen, düýşümde», men bir otaga düşdüm. Ol ýerde ýekeme-ýeke atlandyrar ýaly üýtgeşik bir zat ýokdy. Ýöne bir özüne çekiji zat, kitaphanalaryň kartotekalaryndaky ýaly, ýüzi sanlar bilen belgilenen kiçijik gutujyklar tutuş diwary tutup durdy. Ilki göreniňde, olarda kitabyň awtory, temasy bellik edilip, elipbiý tertibinde ýerleşdirilen kartoçkalardan başga zat ýokdur diýen pikir döreýärdi. Emma ýerden tä petige çenli uzalyp gidýän, «Bularyň soňy bir barmyka?!» diýdirýän bu gutujyklar başga zat üçin niýetlenilendi. Diwara, has dogrusy, gutujyklara golaý baryp, üns bilen synlanymda, meniň ünsümi çeken ilkinji guty şeýle atlandyrylan eken: «Meniň gowy gören adamlarym». Ony açdym-da, kartoçkalara göz aýlap ugradym. Derrewem ýapdym, sebäbi kartoçkalaryň her birinde ýazylan atlaryň özüme tanyş kişilerdigini bilip, haýran galdym. Şonda nirä düşenligime bada-bat düşündim.
Kiçijik gutujyklardan dos-doly bolan bu otag ömrümiň kataloglara salnan ulgamydy. Bu ýerde her bir pursatdaky ululy-kiçili hereketlerimiň ählisi jikme-jikligi bilen ýazylandy welin, bu ýagdaý akylyma sygarly däldi. Gutularyň çem gelenini açyp, olaryň mazmuny bilen tanşyp ugranymda, özümde döreýän geň galmak hem bilesigelijilik duýgusy eýmenmek duýgusy bilen garylyp başlady. Käbiri begenç hem ýakymly ýatlamalary döredýärdi. Beýleki birleri bolsa utanç hem ökünç duýgusyny oýarýardy, men hatda, özüm duýmazdan, kimdir biri syn edýän bolaýmasyn diýen pikir bilen eýläme-beýläme ýaltaklaýardym. «Dostlar» diýlip atlandyrylan guty «Meniň ikilik eden dostlarym» diýen gutynyň ýanynda durdy. Gutularyň atlary dürli-dürlüdi, juda geň bolup görünýänleri hem bardy: «Okan kitaplarym», «Aýdan ýalan sözlerim», «Özgelere göwünlik bermegim», «Meniň gülen degişmelerim». Käbirleri bolsa beýan edilişi babatda gülkünç diýseňem boljakdy: «Doganyma gygyrmagyma sebäp bolan zatlar». Beýleki bir gutularyň adyny okanymda bolsa, gülki ýadyma düşer ýaly bolanokdy: «Gaharly halda eden hereketlerim», «Atam-enemiň ýüzüni alan pursatlarym». Olaryň mazmunyna geň galman bilemokdym. Gutularyň käbirindäki kartoçkalar meniň çak edişimden has köpdi. Käbirinde bolsa, meniň isleýşimden has az kartoçka bardy. Ýaşan ömrümiň möçber babatda şeýle ägirt ekenligine haýran galdym. Ýigrimi bäş ýaşymyň içinde bu müňlerçe, hatda millionlarça kartoçkany ýazyp ýetişmegim bolup biljek zatmy beri? Ýöne olaryň her birinde hakykat bardy. Olaryň her birindäki ýazgylar hut meniň hatymdy. Hersinde meniň golum çekilendi. «Diňlän aýdymlarym» diýen ýazgyly gutyny çekenimde, ondaky kartoçkalaryň sanap gutarardan aşa köpdügini gördüm. Gutyny ýapdym. Utandym. Bu aýdym-sazlaryň žanry sebäpli däl-de, esasan, ýitiren wagtymyň bimöçber köplügi zerarly utandym.
«Ýaramaz pikirler» diýen gutynyň ýanyna baranymda, birhili üşüdip başladym. Kartoçkalaryň näçeligini bilmek islemänligim üçin, gutyny çala yş açylar derejede çekdim-de, kartoçkalaryň birini aldym. Jikme-jik beýan edilen ýazgyny okap, galdyrap başladym. Beýle pursatlaryň hem ýazylýanlygy baradaky pikir sebäpli, özümi juda oňaýsyz duýdum.
Mende ýyrtyjy haýwana mahsus bolan gahar oýandy. Tutuş süňňümi diňe bir pikir gurşap aldy: «Hiç kim hiç haçan bu kartoçkalary görmeli däldir! Bu otaga hiç kim girmeli däldir! Bularyň baryny ýok etmek gerek!». Edil guduz açan ýaly bolup, gutyny çekdim. Onuň göwrüminiň nähililiginiň indi meniň üçin ähmiýeti ýokdy. Gutyny boşadyp, baryny otlamaly. Ýöne ony alyp, ýere taşlasamam, başaşak tutsam hem, kartoçkalaryň ýeke birini-de gaçyryp bilmedim. Lapykeç bolup, birini elime aldym, ýyrtmaga synananymda bolsa, kartoçkanyň demir ýaly berkligini bilip galdym. Halys «paltam daşa degensoň», gutyny öňki ýerinde goýdum. Diwara maňlaýymy diräp, ökünip, uludan dem aldym.
Şonda başga bir ýazga gözüm düşdi: «Bilim almaga sarp edilen wagt». Gutynyň tutawajy beýlekilere garanyňda, has ýagtyrakdy, täzeräkdi, kän bir ellenilmänligi bildirip durdy. Men tutawaçdan tutdum-da, özüme tarap çekdim, üç-dört barmagyň ininden uly bolmadyk kiçijik gutujyk elime geldi. Ondaky kartoçkalar şeýle bir azajykdy welin, olary barmak büküp arkaýyn sanap boljakdy. Şükür edip geçiren wagtymam, sabyr eden pursatlarym hem şeýle bir azdy welin, utanjymdan ýaňa «ýer ýarylmady, menem girmedim»...
Şonda men möňňürip aglamaga başladym. Dyzyma çöküp, tükge düşüp, ýer ýumruklap agladym... Gutujyklardan doly tekjeler gözümiň öňünden zymdyrylyp geçýärdi. Bu otag hakynda hiç kim hiç haçan bilmeli däldir. Men ony berk gulplamaly, açaryny bolsa gizlemeli...
Orazmyrat MYRADOW