NÄDIP ÜÇ ÝÜZ ÝYL ÝAŞAMALY? (tymsal)

Bir sapar laçyn gargadan:

— Eý, dana garga! Sen üç ýüz ýyl dagy ýaşaýarsyň. Sen meniň atamy, atamyň atasyny hem bilýärsiň. Eýsem, şeýle uzak ýaşamagyň syry nämede? — diýip sorady.

— Senem edil meniň ýaly ýaşa! Meniň bilen bile tirkeş! Şonda seniň ömrüň hem has uzak bolar.

Şeýdip, laçyn garga bilen dost bolup, edil onuň ýaly ýaşap başlady. Olar uly agajyň şahasynda arkaýyn oturdylar we durmuş hakda söhbet etdiler.

Wagt günortan bolanda, olar ajykdylar hem-de howlukman lukmanyň gözlegine çykdylar. Tizden garga ýerde ýatan ýabynyň maslygyny gördi-de, begenip, asmandan aşak indi. Laçyn hem onuň yzyna eýerdi. Ol mundan ozal hiç haçan maslyk iýip görmändi. Garga bolsa açgözlük bilen maslyga agyz urdy. Laçyn maslygy bir çokdy-da, saklandy. Soňra ýene bir gezek çokdy. Oýlandy. Üçünji gezek çokdy-da:

— Ýok, garga! Sen bilýäňmi, maslyk iýip, üç ýüz ýyl ýaşandan, bir gezek täzeje etden doýanyň has gowudyr — diýip uçup gitdi.

Öňki makala

ÖMÜR ÜÇIN HASABAT

Indiki makala

BILIP GOÝSAŇYZ...

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR