BILIP GOÝSAŇYZ...

Dil dolanyşygymyzda öň bar bolup, wagtyň geçmegi bilen işjeňligini gowşadan, belki-de, ýiteňkirlän birnäçe sözler bar. Şol sözleri tapyp, ony aňladýan manysy bilen soňky nesillere ýetirmek ýaşuly nesilleriň mukaddes borjudyr. Bu babatda alym Arkadagymyz «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy»,
«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda dilimiziň ýiteňkirlän sözlerini herekete getirip, bize nusgalyk ýol görkezdi. Bizem şu ýazgymyzda adamyň beden agzalary bilen baglanyşykly işjeňligini peselden käbir sözlere düşündiriş bermegi makul bildik.

Zenehdan – eňegiň aşagyndaky çukurjyk. Bu söz nusgawy edebiýatymyzda, dessanlarda gözellik alamaty hökmünde getirilýär.

Patallak – ýokarky dodagyň üstündäki zolak çukurjyk. «Özi bar-da, ady ýok» diýen matalyň jogaby.

Hyrç – aşaky dodak, aşaky dodagyň daş tarapy (Namysjaň oglan hyrçyny dişläp, gözüne ýaş aýlady — H.T.).

Emenjek – boýnuň etegindäki çukur ýer.

Gyz gözlär – erkek kişileriň ýeňse çukury.

Ýemik – üç ýaşyna ýetmedik çaganyň kelleçanagynyň öň tarapyndaky gatamadyk ýeri.

Imrik – iki gaşyň arasy.

Seňrik – iki gözüň arasy.

Gaňşyrawuk – seňrigiň iç tarapy.

Şaňryk – burnuň tutuş üst tarapy.

Tana – burnuň deşikleri.

Kempaý — arkanyň iki tarapdan hem el ýetmeýän ýeri.

Kümpüç — oňurganyň aşaklygyna gutarýan ýeri.

Akal — erkek kişiniň aşaky dodagynyň etegine bitýän bölejik tüý. Käbir şiwelerde oňa «sarmak» hem diýilýär.

 

Hangylyç TAGANGYLYJOW,

mirasgär.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR