Ýeri işläp, bejerip, halal zähmetiňi siňdirip, hasyl almak ýeňil-ýelpaý iş däl. Baýlyk toplamak aňsat, ýerden hasyl almak daýhandan örän köp zähmeti, gujur-gaýraty, sabyr-takady talap edýär. Iň soňunda ýetilýän üstünlik, gazanylan hasyl müň baýlykdan gowy. Halal zähmetiň ýerine geljek zadyň özi ýok. Şu rowaýaty okap hem, halal zähmetiň höziriniň uludygyna ýene bir gezek magat göz ýetirýärsiň.
Gadym zamanlarda bir ýaşulynyň iki ogly bar eken. Ol ýaşuly günlerde bir gün özüniň mirasyny paýlap bermek maksady bilen, ogullaryny ýanyna çagyryp:
— Ogullarym, meniň altyn-kümüşden doly bir sandygym we bol hasyl eçilýän bereketli ýerim bar. Bulardan haýsysy göwnüňize ýarasa, şony alyň — diýipdir.
Ýaşulynyň kiçi ogly altyn-kümüşden doly sandygy alýar, uly ogly bolsa özüne miras hökmünde ýeri kabul edýär.
Aý aýlanyp, ýyllar geçýär. Doganlaryň ulusy ýere yhlas bilen ideg edip, gurplanýar. Kiçi doganyň bolsa, alan baýlygy tükenipdir. Şeýlelikde, ol doganynyň ýanyna gamgyn ýagdaýda gelip, halyny düşündirýär. Dogany bolsa, bu berekediň çeşmesiniň miras galan ýerdigini düşündirýär.
Taýýarlan: Serwi AMANOWA,
TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.