LAÇYNLAR BILEN UÇ!

        Üstünlikler bilen ganatlanasy gelmeýän adam barmy? Ýa-da şowlulyklar bilen asmanda laçyn bolup uçasyňyz gelýändir. Çünki laçynlar beýlekiler bilen bäsleşip barşyna, hatda bulutlardan hem ýokary galyp bilýärler. Towuklar bolsa ýeriň ýüzünden birje mör-möjek  ýa-da haşal ot tapyp bilse-de, monça bolýar. Şonuň üçin olar elmydama başy aşakdyr, ýerden zat gözläp, çöpläp ýörşüne-de ýüzi salykdyr. Onsoň, asmany arzuwlaýan laçyn bilen ýerden galasy gelmeýän towugyň arasyndaky tapawudy özüňiz kesgitläň, hany! Ýogsa-da, laçynlaryň arasynda bolasyň gelýärmi ýa-da towuklaryň? Halk arasynda şeýle bir aýtgy bar: «Laçynlar bilen uçmagy ýüregiňe düwdüňmi, onda towuklar üçin wagtyňy zaýalama». Rowaýatlara görä bir adam hökümdara tarypy ýetirilýän owadan laçynlaryň birini sowgat beripdir. Hökümdar muňa örän begenipdir hem-de wezirinden bu laçyn hakdaky pikirini sorapdyr. Wezir: «Ol towuklar bilen ösüp-ulalan laçyn. Belentde ganat kakyp bilmez» diýipdir. Hökümdar syr bildirmese-de, bu sözi ýokuş görüpdir. Laçyny synamak isläpdir. Wezirine laçyny uçurmagy buýrupdyr. Bir görseler, ýaňky laçyn towuk ýaly bolup, aýagy bilen ýer dörjelemäge başlapdyr. Sebäbi mundan öň wezir bu laçynyň towuklar ýaly, ýerden gözüni aýryp bilmeýändigini synlan eken. Biziň her birimiz bile iş salyşýan, tiz söhbetdeş bolýan, gaýta-gaýta duşuşyp durýan adamlarymyzyň häsiýetine kem-kemden girip gidýäris. Bu sözler, söhbetler, edim-gylymlar we hereketler bolsa şahsyýetiň terbiýesine we iş alyp barşymyza ýiti täsir edýär. Kime meňzemek isleýän bolsaňyz, şeýle adamlar ýaly pikir ediň we ýüregiňize ýakyn tutjak adamlaryňyzy saýlamagy başaryň.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR