PÄLWANLYGYŇ SYRY

     Öňki döwürlerde göreşde arkasy ýere degmedik, atyşda oky sowa geçmedik bir pälwan bolupdyr. Onuň at-owazasy alys sebitleri hem doldurypdyr. Şöhrata höwesek ýaşlaryň biri bu pälwanyň ýanyna gelip, ondan mertligiň, pälwanlygyň syry hakda sorapdyr. «Saňa pälwanlygyň syry gerekmi? Baş üstüne, gel, öwredeýin. Bu örän ýönekeý» diýip, ol ýaş oglany ýakynyna çagyrypdyr. «Ine, sen meniň barmagymy tut, men bolsa seniň barmagyňy tutaýyn. Sen meniň barmagymy dişle, men hem seniň barmagyňy dişläýin. Şeýdip bir-biregiň barmagyny dişleşeli» diýipdir. Olar şeýle hem edipdirler. Dişlerinde bar güýji bilen beýlekiň barmagyny gysar ekenler. Şol ýagdaýlaryň birinde ýaş oglan: «Eý, wäk, tas barmagymy goparypdyň-a» diýipdir. Pälwan oňa: «Ýene biraz saklanan bolsaň, şol sözi men saňa diýjekdim. Mertligiň, pälwanlygyň bar syry agyrylara, şatylara, kynçylyklara biraz salym dözüm edip, garaşyp, sabyr edip bilmeklikde. «Mertlik – bir sagatlyk sabyr-çydam» diýen söz bardyr» diýipdir. Ol oglan bu hergiz ýadyndan çykmajak sapak alyp pälwanyň ýanyndan uly buýsanç, göwnühoşluk bilen dolanypdyr. Ýogsam, ol mertligiň, pälwanlygyň syryny her zatdan agtarardy, ýöne biri düşündirmedik bolsa, onuň şeýle syryny özbaşdak ömürylla öwrenip bilmezdi. Biz käteler özümize degerli meseläniň çözgüdi elmydama çylşyrymly we aňymyzda, ýanymyzda ýa-da ýadymyzda ýok zatlardyr öýdüp pikir edýäris. Ýönekeý zatlardan netije gözlemeýäris. Ýogsam, ähli gözellikler, ähli başlangyçlar ýönekeýlikden gözbaş alyp, soňra kämillige ymtylýarlar ahyry.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Öňki makala

LAÇYNLAR BILEN UÇ!

Indiki makala

EJEŇIZE TIL KAKYŇ!

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR