MILLI GYMMATLYKLARYMYZDA ASYRLARYŇ ÝAŇY BAR

      2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň Medeniýet öýünde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzy ýaşlaryň arasynda wagyz etmek hem-de ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemek maksady bilen «Milli gymmatlyklarymyzda asyrlaryň ýaňy bar» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

      Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň kalbyndan dörän maddy däl gymmatlyklarymyz bu günki gün dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Bulardan başga-da Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de ÝUNESKO klublarynyň açylmagy şöhratly we şanly waka bolup, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilik bolup durýar.

      Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça gural hökmünde ynanyşmagy ösdürmek babatdaky başlangyjy ÝUNESKO-nyň parahatçylyk medeniýetini goldamak boýunça garaýyşlaryna we maksatnamasyna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlyk häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär.

      Sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi, ýaşlar üçin halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri rowana ýollarda dowamat-dowam bolsun!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar