GOŞA MUKADDESLIGIŇ BAÝRAMY

     Üstünliklere, taryhy wakalara beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda bellenilip geçilýän her bir şanly seneleriň, baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesine göterilmegi, ýurdumyzyň asudalygynyň, abadanlygynyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşanydyr. Bu günki günde agzybir hem-de zähmetkeş türkmen halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýene-de bir şanly senäni, milli senenamamyzdan orun alan goşa mukaddesligiň – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Ýaşyl tugumyzyň baýramçylygyny döwlet derejesinde belläp geçýär. Türkmen halkynyň milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewileşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi, baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda ädilen aýgytly ädimlerdir.

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Baş Kanunymyzyň döredilen gününi Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygy bilen ugtaşdyrylyp bellenilmeginde hem çuň many-mazmun jemlenendir. Özbaşdak döwlet diýlip ykrar edilmegiň esasy şertleri hasaplanýan Baş Kanunyň kabul edilmegi we Döwlet Baýdagynyň döredilmegidir. Bu belent bagty arzuwlan ata-babalarymyzyň hasyl bolan arzuwlary, bu günki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň goýnunda ýaşaýan türkmen halkynyň şeýle döwletli döwranda ýaşaýandyklaryna çäksiz buýsançlary öz beýanyny tapýar.

     Berkarar Watanymyzyň mizemez hukuk binýady hasaplanylýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň döwletlilik, demokratiýa we adalatlylyk baradaky ençeme asyrlyk isleg-arzuwlaryny öz içine alýar. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet isläri»  diýip eden arzuwynyň hasyl bolýan zamanasynda, beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, halkymyzyň agzybirlikde, jebislikde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Baş Kanunymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygynyň ýokary derejede bellenilip geçilmegi hem, ýylymyzyň gadamlarynyň ýeňişlere, üstünliklere tarap ynamly ädilýändiginiň subutnamasydyr.

     Bu günki gün Döwlet baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de ençeme iri halkara guramalaryň belent binalarynyň öňünde buýsançly pasyrdaýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa binasy, Baýdak meýdançasy, Arkadag şäherindäki we welaýat merkezlerindäki, «Awaz» milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli baýdak meýdançalary milli gymmatlyklarymyza sarpamyzyň ebedidigine şaýatlyk edýär.

     Goý, goşa mukaddesligiň toýy toýlanylýan Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly Diýarymyzda toý-baýramlar dowamat-dowam bolsun!

 

Çary SAPAROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar