GADYMY KÖNEÜRGENÇ TÜRKMEN DÖWLETINIŇ KEMALA GELIŞI

     Köneürgenç – türkmen taryhynyň ajaýyp dür dänesi. Onuň binagärlik ajaýyplyklary yslam däp-dessurlarynyň ählisini-binagärlik usullarynyň gaýtalanmajak sazlaşygyny, çeperçilik aýratynlygyny, gurluşyny, görnüşleriniň gümmeziniň seýrek duş gelýän görnüşini, reňkleriniň durulygyny, ýitiligini özünde jemleýär.

     Köneürgenç topragy türkmen halkynyň we bütindünýäniň deňsiz—taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Onuň ýadygärliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, wagyz etmek, dünýäniň ähli halklarynyň möhüm wezipesidir. Köneürgenjiň dünýä ähmiýetli medeni merkezi, owadan şäheri bolandygy hakynda dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary habar berýärler. Bu günki gün şol baý geçmiş taryhdan aýry-aýry gaýtalanmajak sungat hökmünde binagärlik ýadygärlikleri bolup, bize miras galypdyr. Köp taryhy we durmuş kynçylyklaryny başdan geçiren şol gadymy şäheriň taryhy-medeni ýadygärlikleri 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Dünýä mirasynyň sanawyna» girizildi. Dünýäniň taryh ylmynyň öňdebaryjy ýörelgelerini nazarda tutmak bilen, Köneürgenç türkmen döwletiniň taryhyny öwrenmekden, daşary ýurt alymlarynyň tejribesini umumylaşdyrmakdan hem-de şoňa degişli täze çeşmeleri aýan etmekden, arheologik ýadygärlikleri öwrenmekden, rejelemekden we gorap saklamakdan, şeýle hem türkmen halkynyň gadymy, orta asyr, täze we häzirki zaman taryhyny, medeniýetini we halk döredijiligini öwrenmek boýunça geçirilýän ylmy barlaglaryň täze taslamasyny durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.

     Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni ýadygärliklerini giňişleýin öwrenmegiň, olary abat saklamagyň we geljekki nesillere ýetirmegiň, täze tapylan tapyndylaryň we çeşmeleriň dünýä ýaýradylmagynyň wajyp ähmiýeti bardyr. Aşgabatdan 480 km demirgazykda, Amyderýanyň gadymy akymynyň golaýynda, iki sany möhüm kerwen ýollarynyň kesişýän ýerinde: gündogara, Hytaýa, demirgazyk-günbatara, Wolga derýasyna çenli aralykda Köneürgenç döwleti ýerleşipdir. Onuň döredilen senesi näbelli emma gadymy Körmolla galasynyň galyndylary antik eýýamyna (biziň e.öňki II-V asyrlar) degişlidir. VIII asyryň ortalarynda şäher araplaryň golastyna geçýär we Gürgenç diýip atlandyrylýar. X asyrda Amyderýanyň sag kenarynda Samanileriň hökümdarlary demirgazyk Horezm döwletini Ürgenç emirligi diýip yglan edýärler. Ürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde-de, öz ösen medeniýetini, ylmy, sungaty bilen-de has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelipdir. Dürli sebäplere görä paýtagt bu ýerden göçürilýär. Başga ýerden täze şäher salnyp, oňa hem Ürgenç diýip at goýýarlar. Ilki Ürgenç bolansoň, muňa .«öňki, gadymy» manysynda «Köneürgenç» diýip at goýupdyrlar.

     XII we XIII asyryň başlarynda Merkezi Aziýanyň şäherleriniň köpüsinden ilatynyň sanynyň köplügi bilen meşhurlygy boýunça Ürgenjiň gülläp ösen döwri bolupdyr. Gündogaryň beýik akyldarlary Awisenna, Al-Biruny, Ibn-Battut bu ýerde ýaşapdyrlar. Döwlete «Yslamyň ýüregi» diýip at beripdirler. 1221-nji ýylda Çingiz hana garşy göreşde mongollar tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Soňra bolsa 1359-njy ýylda Gyzylorda hanlyk ulgamynda garaşsyz bolmany başarypdyrlar. XIV asyryň birinji ýarymynda şäheriň gülläp ösmegine ýerli hökümdar Gutluk Timuruň aýaly Törebeg hanyma aýratyn orun degişlidir. Şäher nobatdaky weýrançylyga 1388-nji ýylda Amir Timuruň basybalyjykly ýörişi wagtynda sezewar bolupdyr. XVI asyrda bolsa Amyderýanyň öz akymyny demirgazyga üýtgetmegi şäheriň ýaşaýjylaryny bu ýeri taşlap gitmäge borçly edipdir. 1646-njy ýylda häzirki Özbegistanyň çäklerinde täze Ürgenjiň gurulmagy netijesinde öňki Ürgenç Köneürgenç adyny alypdyr.

     Köneürgenç şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen , baý taryhy, gadymy ýadygärlikleri, dürli döwürlere degişli eksponatlary, özboluşly milli mirasy bilen uzak ýyllardan bäri dürli dünýä döwletleriniň alymlaryny, taryhşynaslaryny hem-de arheologlaryny gyzyklandyryp gelýär. Hytaý taryhçylarynyň işlerinde: «Köneürgenç şol döwrüň uly ylmy we ykdysady merkezi bolupdyr» – diýip tassyklaýarlar.

 

Gülnur REJEPOWA,

«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet

goraghanasynyň  hünärmeni.

Meňzeş habarlar