GÖZELLIGIŇ HEM AJAÝYPLYGYŇ TAÝSYZ NUSGASY

        Milli sungatymyz barada söz açylanda ilkinji nobatda türkmen halysy, şeýle nepis senet bilen meşgullanýan halyçy zenanlarymyz gözöňüňe gelýär. Türkmen halkynyň müdimi halyçylyk sungaty gözbaşyny asyrlaryň çuňlugyndan alyp gaýdýar. Nepis halylarymyz ene-mamalarymyzyň irginsiz yhlasy bilen, müňýyllyklaryň dowamynda taplanan zehini bilen nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir.

         Bu täsin sungat halkymyzyň taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmekde baý çeşmedir. Gadymy döwürlerde türkmen zenanlarynyň dokan haly önümleri dürli maksatlar üçin ulanylypdyr. Berk we owadan halylar öýlere düşelipdir, torbadyr çuwallara egin-eşik, gap-çanak salnypdyr, horjunlar göterilýän gap hökmünde, eňsiler hem-de gapylyklar öýüň gapylaryny bezemek üçin peýdalanylypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly eserinde: «Türkmen halysy maddy hem ruhy baýlygyň hiç üýtgewsiz çesmesi deýin, ynsanyň ünsüni hemişe özüne çekýär. Çünki ol gaýtalap-gaýtalap, sünnäliginiň, gözelliginiň aňyrsyna çykyp bolmaýan ummasyz giňişlik älemi» diýip belleýşi ýaly, haly sungaty geçmişe şaýat, geljege ganat berýän mukaddeslikdir.

         Türkmen halysyna salynýan göller, nagyşlar türkmen tebigatyny, ondaky al-elwan gülleri, gözelligi bilen ünsümizi özüne çekýän haýwanlary, ýaşaýşyň gözbaşy bolan derýalary, Ýeriň myhy hasaplanýan daglary, bakylykdan nyşan Güni, Aýy, ýyldyzlary şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimiz, milli gymmatlygymyz bolmak bilen, türkmeniň ruhy dünýäsini, medeniýetini özünde jemleýän sungat eseridir, reňkleriň dili bilen ýazylan ýürek ýazgysydyr, halkyň arzuw-umytlarynyň, inçe duýgularynyň älemgoşar ýaly öwüşgin salýan lälesidir.

         Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmek, dünýä ýaýmak boýunça köp işler alnyp baryldy. Türkmen gelin-gyzlary haly dokamagy sungat derejesine ýetirip, häzirki ajaýyp döwrümizde bu iş täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu gün halyçylygyň täsin senedini giňden ýaýmak, gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu gadymy sungaty ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Çeper elli halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de döredijilik pikirlerini amala aşyrmaklary üçin netijeli işler alnyp barylýar.

        Gün-günden pajarlap ösýän Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halyçylyk sungaty özüniň köp asyrlyk taryhynda görlüp-eşidilmedik uly ösüşlere eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe altyn harplar bilen ýazylýan taryhy üstünlikleri haly eserlerinde beýan edýän ezber halyçylarymyz hem öz ak ýürekli zähmeti, gaýtalanmajak täsin sungaty bilen Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşantlaryny goşýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly üstünliklere, ösüşlere besläp bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletimizde her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynda ussat hem halypa halyçylara hormatly atlar dakylyp, döwlet sylaglary gowşurylýar.

         Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly we döwletli işleriniň ykrarnamasydyr.

         Türkmen halkynyň gadymy halyçylyk sungatyny giňden öwrenmäge, dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän, halyçy zenanlarymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar