Çagalar islendik jemgyýetiň iň eziz agzalarydyr. Çagalar durmuşyň bezegi, her öýüň, her ojagyň gelşigidir. Bagtly çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň bütin halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň şu güni, hem-de röwşen geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy ýaşlaryň ruhuny belende göterip, öz ata Watanyna bolan buýsanjyny artdyrýar.
Bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu günde körpeleriň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin köp sanly gyzykly medeni çäreler, söhbetdeşlikler, dürli bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar uly joşguna beslenýär. Bu senäniň milli senenamamyzdaky baýramçylyklaryň hataryna girizilmegi Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
“Çaga-ömrüň dowamy”, “Çagany ýaşdan...”, “Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň çägi” we beýlekiler ýaly pederlerimiziň döreden paýhasly jümlelerinden ruhlanyp, häzirki wagtda ýurdumyzda beden we ruhy taýdan sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde olar üçin döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, medeni-dynç alyş zolaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, aýdylanlary doly tassyklaýar. Çünki çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygy. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa biziň iň esasy maksadymyz bolup durýar.
Durmuşymyzyň gymmaty bolan bagtyýar çagalar barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Azada ORAZOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.