NESILLERIŇ ABADANÇYLYGYNYŇ BÄHBIDINE

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi ýaşlaryň kibermedeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde «Nesilleriň abadançylygynyň bähbidine» şygary astynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

     Duşuşygyň dowamyndaky çykyşlarda sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda kibermedeniýet sowatlylygynyň zerurlygy, kibermedeniýetiň ösüşi bilen bir hatarda onuň tehnologiýalary, hukuk esaslary, adamyň sosial-psihologiki we saglyk ýagdaýlaryna täsirleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada giňişleýin düşündirildi. Şeýle hem çykyşlarda sanly ulgamy netijeli ulanmagyň ýollary, kompýuter tehnologiýalaryndan dogry peýdalanmak, olaryň peýdaly we zyýanly taraplary, şeýle-de, ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyzyň kiber ulgama baglylygynyň öňüni almak barada maglumat berildi.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar