TÄSIRLI DUŞUŞYK GEÇIRILDI

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2023-2024-nji okuw ýylyny tamamlaýan uçurymlaryň arasynda tertip-düzgüni berjaý etmek, bidüzgünçiliklerden daşda durmaklyga çagyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi Balkan welaýat Polisiýa müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki orta mekdepleriň uçurymlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.

      Çärelerde Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatynda ähli şertler, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýänligi bellenilip, Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller baradaky atalyk aladalaryndan ugur alyp, okuwçylaryň türkmeniň milli mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak bilen, Ata Watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri, 2023-2024-nji okuw ýylyny tamamlaýan okuwçylaryň mundan beýläk ata Watanymyzy özgertmegiň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşup, özleriniň saýlan kärleriniň eýesi bolmaklary, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödemekleri sargaldy. Şeýle-de uçurym okuwçylaryň özlerini alyp baryşlarynyň talabalaýyk bolmalydyklary, aýratyn-da mekdebiň çäginde tertip-düzgün kadalarynyň berjaý edilmelidigi barada durup geçildi.

 

Ananýaz SAPAÝEWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 1130 okalan

ÇEKELEŞIKLI GEÇEN SPORT BÄSLEŞIGI

09 Iýul 2025 | 1361 okalan

BAGTYÝARDYR DÖWRÜMIZ, NURANA GELJEGIMIZ

09 Iýul 2025 | 1336 okalan

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER