2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgüsini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip,zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Döredijilik bäsleşigine welaýatymyzyň etrapdyr, şäherlerinden surat çekmek bilen meşgullanýan okuwçy ýaşlarymyzyň 50-den gowrak işleri sergi edilip, eminler topary tarapyndan seljerildi we bäsleşigiň jemleýji tapgyryna hödürlendi. Elbetde döredijilik çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan bejergi alan çagalaryň gatnaşmagy has-da täsirli boldy. Bu çagalaryň öz deň-duşlary bilen deň hatarda ýurdumyzda yglan edilýän dürli bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekleri Gahryman Arkadagymyzyň adam hakyndaky aladany ýokary derejede goýýanlygynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Bu döredijilik bäsleşigiň dowamynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy hem geçirildi. Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen bu söhbetdeşligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» DK-niň şahamçasynyň başlygy Hakmyrat Kişjikow alyp baryp, onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Gözel Saparmämmedowa, Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy Guwanç Alýarow, Balkanabat şäherindäki 3-nji çagalar bagynyň müdiri Gülälek Söýeşowa dagy täsirli çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilenligi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy şeýle hem, türkmen jemgyýetinde hossarsyz çagalaryň ýeke galmaýandygyny, dürli sebäplere görä hossarlaryny ýitiren çagalar hakyndaky aladany döwletimiziň öz üstüne alýandygy dogrusynda buýsançly söhbetler edildi.
Berkarar döwletde ýaşlar üçin bimöçber tagallary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.