Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Türkmenbaşy etrap prokuraturasy, Türkmenbaşy etrap polisiýa bölümi, «Balkantelekom WEAK» aragatnaşyk bölümi, Türkmenbaşy etrap bilim bölümi şeýle-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmenbaşy etrabynyň 15-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşy barada giňişleýin durup geçdiler. Çäräniň dowamynda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri dogrusynda okuwçylara giňişleýin düşündirildi. Ýaşlaryň sanly ulgam boýunça düşünjesini has-da ýokarlandyrmak hem-de olaryň peýdaly we zyýanly taraplaryny düşündirmek, internet ulgamyny peýdaly ulanmak, barada gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy aýdyň nurana eşretli günlerde ýaşadýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Akmuhammet NAZAROW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.