Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Döwlet berkararlygynyň esasy nyşanlary bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar.
Şeýle çäreleriň biri-de, düýn Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirildi.
Baýramçylyk dabarasynda täsirli çykyşlar, şirin aýdym-sazlar uly buýsanç bilen ýerine ýetirildi. Olaryň her birinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän döwletli işlere guwanç, mukaddes Watanymyza beýik söýgi, geljege bolan synmaz ynam bar.
«Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri – ýaşlaryň baky buýsanjy» atly şygar astynda geçirilen baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan ýurdumyzyň ýeten sepgitlerini, gazanan üstünliklerini beýan edýän amaly-haşam sungatynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň, nusgawy edebiýatymyzyň we häzirki döwrüň ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplarynyň sergisi gurnaldy.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni.