MILLI DÖWLETLILIGIMIZIŇ SYNMAZ SÜTÜNLERI

     Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli toýlar uludan tutulýar. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlyklarymyzdyr.

     Sebitde iri şäher – Arkadag şäherinde hem bu şanly sene mynasybetli çäreler guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň biri-de, ýakynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we döwlet baýdagy – halkymyzyň mizemez gymmatlygy» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Oňa Arkadag şäherinde okap bilim alýan bagtyýar talyplar hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

     Baýramçylyk dabarasynda Mejlisiň deputaty hem-de öňdebaryjy ýaşlar buýsançly çykyş etdiler. Olarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi, şeýle hem milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewileşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadynyň pugtalandyrylmagy gazanyldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY