ÝAŞ SURATKEŞLERIŇ SERGISI

      Ýakynda Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň Arkadag şäheri boýunça saýlama tapgyry geçirildi.

      14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen bäsleşige Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän orta mekdeplerde, çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň onlarça döredijilik işi hödürlenildi. Sergilenen döredijilik işleri oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşikde hödürlenen döredijilik işlerini synlanyňda körpe nesillerimiziň ukyp-başarnygyna diýseň buýsanýarsyň. Çünki olaryň her birinde Watana, ene topraga, maşgala bolan çäksiz söýgi, geljege beýik ynam bar.

      Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi körpe nesilleriň aň-paýhas hem-de döredijilik babatynda ukyp-başarnyklaryny doly açmakda oňyn netijesini berýär.

      Şeýle hem çäräniň barşynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaş nesiller, olaryň bagtyýar geljegi üçin döredilýän şertler dogrusynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Öňki makala

Meňzeş habarlar

14 Noýabr 2024 | 3 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 2 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI